Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institudynda “Biziň milli medeni mirasymyz dünýä dillerinde” diýen tema boýunça talyplaryň hakaton bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi.
Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 17-sinden talyplaryň toparlary gatnaşdy. Oňa gatnaşyjylaryň wezipesi türkmen halkynyň baý milli medeni mirasyny giňden wagyz etmäge ýardam berýän web-saýtyň görnüşini döretmekden ybarat boldy.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça hem-de emin agzalaryň çözgüdi esasynda ýokary okuw mekdepleriň aşakdaky toparlary ýeňijiler diýlip yglan edildi:
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň topary bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp boldy;
I orny Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary paýlaşdylar;
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hem-de ýurduň Serhet institutynyň talyplary II orny eýelediler;
III orny Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň toparlaryna berildi.
Sylaglanyş dabarasynda hakatonyň ýeňijilerine we hemme gatnaşyjylara Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Hormat hatlary we sowgatlary gowşuryldy.
Guramaçylar bu bäsleşigiň aýratynlyklary hem-de artykmaçlyklary barada aýdyp, hakatonyň geçirilmeginiň ýaşlaryň innowasion ukyp- başarnyklarynyň ýokary derejededigini, bu ugurda olaryň ösüşe gyzyklanýandyklaryny görkezendigini bellediler. Bäsleşik bu ulgamda netijeli çäreleriň biri bolup, talyplaryň toparda işlemek, berlen wagty netijeli ulanyp bilmek hem-de dürli ýagdaýlara ynamly hötde gelmek başarnyklaryny ösdürmäge ýardam etdi. Toparlar özleriniň IT-başarnyklaryny we döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmäge, pikirdeşleri bilen tanyşmaga, dost edinmäge hem-de köp zatlary öwrenmäge mümkinçilik aldylar.
Hakatonlaryň türkmen ýaşlarynyň arasynda barha uly meşhurlyga eýe bolýandygyny hem-de sanly tehnologiýalar ulgamynda täze çözgütleri we pikirleri döretmek hem-de amala aşyrmak üçin netijeli meýdança bolup durýandygyny bellemek gerek. Döwrebap tehnologiýalary özleşdirmäge we IT-tehnologiýalar ulgamynda ösüş gazanmaga bolan mümkinçiliklerden başga-da, oňa gatnaşyjylary hakatonlaryň aýratyn görnüşde bolmagy özüne çekýär, şolarda toparlar özara habarlaşyp, çäkli wagtyň dowamynda programma üpjünçiligi ulgamynda öňlerinde goýlan wezipäni çözýärler.
Ýurdumyzda talyplaryň arasynda IT-bäsleşikler zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de sanly tehnologiýalar ulgamynda giň gerimli bilimleri we başarnyklary ele alan, sanly ugur boýunça ösen pikirlenişe eýe bolan hem-de häzirki zaman sanyň dünýäsinde erkin ugur almagy başarýan hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen yzygiderli esasda geçirilýär.