07.09.2024
5946
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Halkymyzyň baky bagtyýarlygynyň, eşretli durmuşynyň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň ýakynda Koreýa Respublikasynda geçirilen «World Smart City Expo 2024» halkara sergisinde «Iň tapawutlanan “akylly” şäher» (Smart city excellence award) atly baş baýraga; «Daşary ýurt “akylly” şäheri» (Foreign city award); «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» (WSCE 2024 Contribution award) atly halkara baýraklara mynasyp bolmagy bilen Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.
07.09.2024
4664
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “akylly” şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.
07.09.2024
12524
Arkadag şäheriniň täze halkara baýraklary
Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, «World Smart City Expo» atly halkara sergä gatnaşmak hem-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini amala aşyrmak üçin zerur bolan, Koreýa Respublikasynyň lukmançylykda ulanylýan serişdeleriniň öndürijileri bilen duşuşmak we degişli zawodlaryň işleri bilen ýerinde tanyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde gulluk iş saparynda boldy.
07.09.2024
13087
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeni syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, türkmen halkynyň aýdym-saz sungatyny has-da kämilleşdirmek, täze, döwrebap aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmak, zehinli aýdymçy ýaşlaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyny barha ösdürmek hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, milli sungatymyzyň aýdym-saz ugrundan döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.
07.09.2024
8027
“Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
Şu gün paýtagtymyzdaky “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
07.09.2024
5016
Türkmen wekiliýetiniň Helsinki şäherine amala aşyran sapary
2024-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Helsinki şäheriniň EastCham Finland binasynda «Finnish Water Forum», «Watermaster», «Wärtsilä», «Agronic Oy», «Reorbit», Fin Meteorologiýa instituty ýaly öňdebaryjy maliýe kompaniýalarynyň gatnaşmagynda tegelek stol geçirildi.
07.09.2024
5107
Türkmenistan Halkara awtomobil ulaglary bileleşigi bilen özara gatnaşyklara ygrarlydyr
2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Prettonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
07.09.2024
6081
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 20-nji sany çapdan çykdy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 20-nji sany çapdan çykdy. Elektron neşiriň ýubileý sany onuň şu ýyldaky sekizinji sanyna gabat geldi.
07.09.2024
6641
Astanada geçiriljek Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynda 29 türgen Türkmenistana wekilçilik eder
29 türgen we 6 tälimçi 8-nji sentýabrda Astana (Gazagystan) açyljak Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň sport wekiliýetiniň düzümine girdi. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň habarçysyna bu barada Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde habar berildi.
07.09.2024
6558
Türkmenistanyň we Saud Arabystanyň milli ýygyndylarynyň futzal boýunça ýoldaşlyk duşuşygy deňme-deň tamamlandy
Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň Dubaýda (Birleşen Arap Emirlikleri) alyp barýan okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde Saud Arabystanyň ýygyndy topary bilen ilkinji ýoldaşlyk duşuşygy 2:2 hasabynda deňme-deň tamamlandy.