mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK
Arhiw
news-photo

05.08.2026

total-veiw

4457

Ýaş ne­sil­ler ba­ra­da­ky ala­da — döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry

Şu gün paý­tag­ty­myz­da­ky “Ýyl­dyz” myh­man­ha­na­syn­da Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň hem-de BMG-niň Ça­ga­lar gaz­na­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky we­kil­ha­na­sy­nyň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da di­ňe ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­gi gol­da­mak ul­gam­la­ry­ny ber­kit­mek bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­li milli «te­ge­lek stol» mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Bu iri çä­rä Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň wi­se-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, Mej­li­siň, Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň, ugur­daş eda­ra­la­ryň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň, jem­gy­ýet­çi­lik guramalarynyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň, hal­ka­ra guramalaryň, şol san­da BMG-niň we onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry­nyň, iri hal­ka­ra ma­li­ýe dü­züm­le­ri­niň, ýur­du­myz­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

05.08.2026

total-veiw

3412

Me­de­ni­ýet — gym­mat­ly milli mi­ras we pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­ka­rar et­me­giň mö­hüm şer­ti

«Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän, ýur­du­my­zyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ösü­şi­ne we hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len öň­den­gö­rü­ji­lik­li döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­si bo­lan tä­ze üs­tün­lik­le­re bes­len­ýär. Milli me­de­ni­ýe­tiň ös­dü­ril­me­gi, gaý­ta­lan­ma­jak milli mi­ra­sy­my­zyň go­ra­lyp sak­la­nyl­ma­gy, öw­re­nil­me­gi, gel­jek ne­sil­le­re ýe­ti­ril­me­gi hem-de dün­ýä­de giň­den wa­gyz edil­me­gi me­de­ni stra­te­gi­ýa­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şo­ňa gö­rä, dö­re­di­ji­lik işi­ni ne­ti­je­li alyp bar­mak, bu ugur­da iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin amat­ly şert­ler dö­re­dil­ýär, de­giş­li des­ga­lar ul­gam­la­ýyn döw­re­bap­laş­dy­ry­lyp, ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk bin­ýa­dy kä­mil­leş­di­ril­ýär.

news-photo

05.08.2026

total-veiw

2887

Üçünji we iň möhüm ädim. «MA-5» formatynyň giň gerimli özgerişi näme getirýär

Şu gün Merkezi Aziýa döwletleriniň garaşsyzlygy alandan soňky özygtyýarlylygyň we duýgy göterilişiň ilkinji tapgyrynyň umumy serhetüsti wezipeleri çözmek üçin sebit integrasiýasynyň obýektiw zerurlygyna kem-kemden orun berendigini eýýäm ynamly aýdyp bolar.

news-photo

05.08.2026

total-veiw

5986

«Agronomçylykda innowasion tehnologiýalar» atly täze okuw kitaby neşir edildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenilip, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenen «Agronomçylykda innowasion tehnologiýalar» atly täze okuw kitaby neşir edildi.

news-photo

05.08.2026

total-veiw

4527

Türkmen karateçileri Aktau şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa çempionatynda 21 medal gazandylar

Türkmen türgenleri Gazagystanyň Aktau şäherinde tamamlanan karateniň WKF görnüşi boýunça Merkezi Aziýanyň 11-nji çempionatynda dürli derejeli 21 medaly gazandylar.

news-photo

05.08.2026

total-veiw

3566

Türkmen wekiliýeti Yslamabatda geçirilen CAREC sanly geçelge boýunça maslahat beriş duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 29–30-njy iýulynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekiliýeti Yslamabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň (CAREC) sanly geçelge boýunça maslahat beriş duşuşygyna gatnaşdy.

news-photo

05.08.2026

total-veiw

3721

Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Ilçisi fransuz atçylyk bilermeni bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 3-nji awgustynda Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda Ilçi M.Çaryýew Fransiýanyň Atçylyk federasiýasynyň milli tehniki bilermeni Aleksandr Gro bilen duşuşyk geçirdi.

04.08.2026

total-veiw

3637

Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek

Saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän strategiýanyň wajyp düzüm bölegi bolup çykyş edýär.  

news-photo

04.08.2026

total-veiw

5042

Türkmenistanyň talyplary «IMC-2026» halkara matematika olimpiadasynda 6 altyn we 3 kümüş medal gazandy

Türkmenistanyň talyplary 27-nji iýuldan 3-nji awgust aralygynda Bolgariýa Respublikasynyň Blagoýewgrad şäherinde geçirilen «IMC-2026» 33-nji Halkara matematika olimpiadasynda uly üstünlik gazandy.

news-photo

04.08.2026

total-veiw

4640

«Arzuw» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi – bagtyýar çagalaryň arzyly mekany

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň tomusky dynç alyş möwsümi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda uly üstünliklere beslenýär.

...3454