Türkmenistanyň talyplary 27-nji iýuldan 3-nji awgust aralygynda Bolgariýa Respublikasynyň Blagoýewgrad şäherinde geçirilen «IMC-2026» 33-nji Halkara matematika olimpiadasynda uly üstünlik gazandy.
Olimpiada London Uniwersitet Kolleji (Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygy) bilen Bolgariýadaky Amerikan Uniwersiteti tarapyndan bilelikde guraldy.
Abraýly bäsleşikde Türkmenistanyň wekilleri ýurdumyza mynasyp wekilçilik edip, matematika boýunça ýokary taýýarlygyny görkezdi. Netijede, milli ýygyndymyz jemi 9 medal – 6 altyn we 3 kümüş medala mynasyp boldy.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary girdi.
Olimpiada iňlis dilinde iki tapgyrda geçirildi. Her tapgyrda gatnaşyjylara çylşyrymlylygy ýokary bolan 5 mesele hödürlenildi. Bäsleşigiň ýumuşlary matematiki seljerme, çyzykly we abstrakt algebra, funksional seljerme, seljeriş geometriýa, kombinatorika hem-de sanlar nazaryýeti ýaly ugurlary öz içine aldy.
Türkmenistanyň talyplarynyň «IMC-2026» halkara olimpiadasynda gazanan üstünligi ýaş nesliň ýokary intellektual mümkinçiligini, geljekki hünärmenleriň berk taýýarlygyny hem-de milli bilim ulgamynyň ýokary derejesini nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.
«IMC» (International Mathematics Competition for University Students) olimpiadasy 1994-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär we her ýyl dünýäniň onlarça döwletinden ýüzlerçe zehinli talyby birleşdirýän iň abraýly halkara matematika bäsleşikleriniň biridir.
Şu ýylky olimpiada ABŞ, Russiýa, Angliýa, Germaniýa, Fransiýa, Ispaniýa, Italiýa, Hytaý, Eýran, Hindistan, Saud Arabystany, Meksika, Braziliýa, Argentina, Singapur, Azerbaýjan, Wengriýa, Polşa, Rumyniýa, Günorta Afrika, Müsür, Awstraliýa, Täze Zelandiýa, Alžir, Tunis, Bolgariýa, Gruziýa, Ermenistan, Özbegistan, Gazagystan, Türkmenistan we beýleki döwletleri goşmak bilen 47 ýurtdan, takmynan, 450 talyby jemledi.