04.03.2024
6617
Ýurdumyzda boljak howa barada maglumat
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine 0... -2 gradus sowukdan, +5... +7 gradus sowuk, gündizlerine +9... +11 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda maýyl bolar.
04.03.2024
6757
Daşoguz welaýatynda pagta ekmek üçin ýokary hilli tohum görnüşleri taýýarlandy
Ýurdumyzyň demirgazyk sebitindäki ähli pagta öndürijileri ýokary hilli tohum görnüşleri bilen doly we öz wagtynda üpjün ediler. «Daşoguzpagta» önümçilik birleşigi pagta arassalaýjy kärhanalary ýetip gelýän ekiş möwsümi üçin orta süýümli pagta görnüşleriniň tohumlaryny öndürmegi tamamlaýarlar.
04.03.2024
6297
Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasynda möhüm hökümet mejlisleriniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi
2024-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasynda şu ýylyň 9-njy fewralyndaky Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň we 22-nji fewralyndaky Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu çärä ABŞ-da ýaşan türkmen diasporasynyň wekilleri we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
04.03.2024
5339
Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky Ilçisi möhüm hökümet mejlisleriniň jemleri boýunça brifing geçirdi
2024-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasynda 9-njy fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine we şu ýylyň 22-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijeleri barada brifing geçirildi.
04.03.2024
5148
Türkmenistan BMG-niň Statistika komissiýasynyň sessiýasynda DÖM boýunça ählumumy hasabatyň netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin milli çemeleşmeleri tanyşdyrdy
2024-nji ýylyň 27-nji fewraly - 1-nji marty aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda BMG-niň Statistika komissiýasynyň 55-nji sessiýasy geçirildi.
04.03.2024
5448
Daşkentde bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygy MASYH-yň çarçuwasynda ösdürmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
Özbegistanyň paýtagty Daşkentde hünär öwredýän tehniki we ýokary bilim pudagynda sebitleýin hyzmatdaşlygy gowulandyrmak maksady bilen, endikleri ösdürmek boýunça «Merkezi Aziýa Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlygy» (MASYH) ösüş maksatnamasynyň iş toparynyň ilkinji mejlisi bolup geçdi.
04.03.2024
8763
Türkmenistanda ýazky bag ekmek dabarasy başlanýar
16-njy martda Türkmenistanda ýazky bag ekmek dabarasy başlanýar. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli Karara gol çekildi.
04.03.2024
5272
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 15 million 349 müň dollaryna deň boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.
04.03.2024
7770
Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty paýtagtymyzyň toparlarynyň oýny bilen başlady
Türkmenistanyň futbol boýunça ýokary ligasynyň 32-nji çempionaty paýtagtymyzyň «Aşgabat» we «Köpetdag» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bilen başlady.
04.03.2024
6242
«Nebitçi» futbol topary Bakuwda türgenleşik ýygnanyşygynda Azerbaýjan toparlarynyň üçüsinden rüstem çykdy
Balkanabadyň «Nebitçi» toparynyň futbolçylary Bakuwda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň çäklerinde Azerbaýjan toparlary bilen geçirilen dört oýnuň üçüsinde ýeňiş gazandy.