Ï «Nebitçi» futbol topary Bakuwda türgenleşik ýygnanyşygynda Azerbaýjan toparlarynyň üçüsinden rüstem çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Nebitçi» futbol topary Bakuwda türgenleşik ýygnanyşygynda Azerbaýjan toparlarynyň üçüsinden rüstem çykdy

view-icon 2649
«Nebitçi» futbol topary Bakuwda türgenleşik ýygnanyşygynda Azerbaýjan toparlarynyň üçüsinden rüstem çykdy

Balkanabadyň «Nebitçi» toparynyň futbolçylary Bakuwda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň çäklerinde Azerbaýjan toparlary bilen geçirilen dört oýnuň üçüsinde ýeňiş gazandy.

Birinji oýunda Hojahmet Arazowyň ýolbaşçylygyndaky topar Azerbaýjanyň 2-nji ligasynda oýnaýan «Fizuli» toparyndan 1:2 hasabynda ýeňildi. «Nebitçiniň» hatarynda ýeke-täk pökgini Daýanç Nuryýew geçirdi. Soňky iki duşuşykda balkanabatly futbolçylar şol bir – 2:0 hasabynda «Bakuwdan» we Azerbaýjanyň birinji diwizionynyň topary «Şamahydan» üstün çykdy. Birinji oýunda Serdar Tükiýew we Seýitmämmet Hojamämmedow, ikinji oýunda Aşyrgeldi Saryýew we Seýitmämmet Hojamämmedow tapawutlandylar.

Jemleýji oýunda «Nebitçi» 25-nji tapgyrdan soň Azerbaýjanyň premýer-ligasynda 4-nji orunda barýan «Sumgaiti» 4:2 hasabynda ýeňdi. Türkmen toparyndan Aşyr Jumaduryýew iki pökgi geçirdi. Bäşim Gurbanberdiýew we Seýitmämmet Hojamämmedow hem bir pökgi geçirdiler.

Geçen möwsümde «Nebitçi» 7-nji gezek milli çempionatda bürünç medala eýe boldy. Balkan welaýatynyň dolandyryş merkeziniň toparyny baş tälimçi Hojahmet Arazow şeýle üstünlige ýetirdi, oňa Ýagmyrmyrat Annamuradow we derwezebanlaryň tälimçi Rejepberdi Bagaberdiýew kömek berýärler.

Türkmenistanyň täze çempionatyndan öň «Nebitçi» topary dört oýunçy bilen güýçlendirildi. Topara «Energetik» toparyndan Aşyr Jumadurdyýew we Daýanç Nuryýew, «Aşgabat» toparyndan Bäşim Gurbanberdiýew we «Şagadam» toparyndan Kerim Hojaberdiýew goşuldy.

«Nebitçi» milli çempionatyň birinji oýnuny 4-nji martda Balkanabatda «Merw» topary bilen oýnar.