Hyzmatdaşlyk
13.05.2024
5845
Türkmenistanyň DIM-de Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakalanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
10.05.2024
5893
Türkmenistanyň DIM-de metbugat-brifingi geçirildi
2024-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şanly sene – türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilýän çäreleri, hususan-da Medeniýet ministrleriniň halkara maslahatyny, Aşgabadyň günortasynda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyny hem-de beýleki çäreleri guramaga we geçirmäge bagyşlanan metbugat-brifingi geçirildi.
09.05.2024
7047
Malaýziýada Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2024-nji ýylyň 8-nji maýynda Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetinde Türkmenistanyň Ilçihanasy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Çärä uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdy.
06.05.2024
7762
Görnükli halypa diplomatyň hormatyna dabaraly çäre
2024-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowanyň 70 ýaş toýy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
05.05.2024
8198
Türkmenistan Pekin jarnamasynyň we Hereketleriň ýerliginiň ýerine ýetirilişinde gazanylan öňe gidişlige syn berýär
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde 2024-nji ýylyň 30-njy aprelinden 1-nji maýy aralygynda Zenanlaryň ýagdaýy boýunça dördünji Bütindünýä maslahatynda kabul edilen Pekin jarnamasynyň we Hereketleriň ýerliginiň milli derejesinde ýerine ýetirilişine syn bermek boýunça maslahat geçirdi.
03.05.2024
6270
“Türkmenistan — BMG” strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi
Şu gün Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Maksatnama laýyklykda, mejlis iki sessiýanyň çäklerinde guraldy.
02.05.2024
6381
Türkmenistan — BMG: ilat we ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk
Şu ýylyň 29-30-njy apreli aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşdy.
01.05.2024
6044
Merkezi Aziýa ýurtlary we Azerbeýjan Respublikasy bilen Arap ykdysady hyzmatdaşlygy forumynyň üçünji mejlisi geçirildi
2024-nji ýylyň 29-30-njy apreli aralygynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary we Azerbeýjan Respublikasy bilen Arap ykdysady hyzmatdaşlygy forumynyň üçünji mejlisi geçirildi. Forumyň işinde Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakow ýolbaşçylyk edýär.
30.04.2024
6365
Türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisi
Şu gün Lebap welaýatynyň edara ediş merkezinde Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa iki goňşy ýurduň döwlet düzümleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen bagly meseleler girizildi.
30.04.2024
6571
Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşmagy
2024-nji ýylyň 29-30-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki edara binasynda geçirilýän BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.