Hyzmatdaşlyk
27.02.2024
6787
Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçisiniň “Özbegistan Respublikasynyň haryt-çig mal biržasy” paýdarlar jemgyýetinde duşuşygy
2024-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow bilen “Özbegistan Respublikasynyň haryt-çig mal biržasy” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary N.Samatowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
26.02.2024
6152
Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçisiniň “British Library” kitaphanasyndaky duşuşygy
2024-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky Ilçisi Ý.Serýaýewiň Beýik Britaniýanyň “British Library” kitaphanasynyň Halkara aragatnaşyklar boýunça direktory Marsiýe Hopkins bilen iş duşuşygy geçirildi.
26.02.2024
6577
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Katara sapary
2024-nji ýylyň 25-28-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministri Baýramgül Orazdurdyýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Katar Döwletiniň Doha şäherine iş saparyny amala aşyrýar.
24.02.2024
5746
Türkmenistan bilen ÝHHG 2024-nji ýylyň dowamynda 40 golaý taslamany amala aşyrmak meýilleşdirýärler
Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy barada hasabat berdi
24.02.2024
5097
Ahal welaýatynyñ häkiminiñ ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniñ Eýranyñ Demirgazyk Horasan welaýatyna sapary
2024-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyñ häkimi R.Hojagulyýewiñ Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyñ häkimi M.Hosseinejada bilen duşuşygy geçirildi.
24.02.2024
13866
Aktauda “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabyna hem-de “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ýylyň şygaryna bagyşlanan brifing geçirildi
2024-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Konsullygynyň (Aktau ş.) binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar - Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabyna hem-de 2024-nji ýylyň “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan brifing geçirildi.
23.02.2024
5471
BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy BMG-niň ÝYK-niň Içerki ulag komitetiniň 86-njy mejlisiniň çäklerinde ugurdaş çäre geçirdi
2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy bilen, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) Içerki ulag komitetiniň 86-njy mejlisiniň çäklerinde, BMG ÝYK bilen bilelikde “Durnukly ulag ulgamyna tarap: öňdebaryjy tejribeler, ýüze çykýan päsgelçilikler we olaryň çözgütleri” atly ugurdaş çäresi guraldy.
23.02.2024
5976
Özbegistanda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Özbegistan Respublikasynyň Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
23.02.2024
5183
Türkmenistan kanunçylyk işlerini ösdürýär
Şu ýylyň 20–23-nji fewraly aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Dolandyryşy kämilleşdirmegiň hereketi (GSP) maksatnamasy Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlykda dört günlük maslahat geçirip, onda parlamentiň agzalaryny kanunçylyk işinde iň oňat halkara tejribesi bilen tanyşdyrdy.
22.02.2024
4933
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Halkara zähmet guramasynyň sebit direktory bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara zähmet guramasynyň Baş direktorynyň kömekçisi, guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin sebit direktory Beata Andres bilen duşuşygy geçirildi.