Hyzmatdaşlyk
15.02.2024
4682
Tokioda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleri statistiki usulyýet bilen bagly okuw-maslahatyna gatnaşdylar
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleri Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) guramagynda 2024-nji ýylyň 5-15-nji fewraly aralygynda Tokio şäherinde Tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen Statistiki hasabatynyň, usulyýetiniň, ulanylyşynyň we üpjün edilmeginiň sanawyny düzmek boýunça okuw maksatnamasyna gatnaşdylar.
15.02.2024
4405
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçisiniň “Arab News” gazetiniň Baş redaktorynyň orunbasary bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçisi O.Çaryýew ýurduň “Arab News” gazetiniň Baş redaktorynyň orunbasary Nur Nugali bilen duşuşdy.
14.02.2024
6805
ABŞ-nyň Döwlet Departamentinde türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň ýollary maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýeti ABŞ-nyň Döwlet departamentinde Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary, Ilçi Jon Pommerşaým bilen duşuşyk geçirdi.
14.02.2024
7005
Brýusselde Ýewropanyň KHBS-si üçin brifing geçirildi
2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Brýusseldäki Ilçihanasynyň gurnan brifinginde diplomatik wekilhananyň başlygy Sapar Pälwanow Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” şygary astynda geçen 2023-nji ýylda ýetilen sepgitlerini belläp geçdi we 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen tanyşdyrdy.
14.02.2024
5201
Merkezi Aziýa döwletleriniň we ÝB-niň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň nobatdaky duşuşygyna Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy
2024-nji ýylyň 14-nji fewralynda Bişkekde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekilleriniň bäşinji duşuşygy geçirilýär, oňa BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Owganystana kömek bermek boýunça missiýasynyň başlygy gatnaşdy.
14.02.2024
6268
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň ýazyjylar döredijilik birleşiginiň başlygy bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň ýazyjylar döredijilik birleşiginiň başlygy hanym M.Gonaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
14.02.2024
5392
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Parlamentara Bileleşiginiň herýyllyk diňlenişigine gatnaşdy
2024-nji ýylyň 8-9-njy fewraly aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda geçirilen Parlamentara Bileleşiginiň ýyllyk diňlenişigine gatnaşdy.
14.02.2024
5195
Ermenistanda iki ýurduň halkara guramalarynyň çäginde hyzmatdaşlyk etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazow Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ösüş boýunça köptaraplaýyn syýasat we hyzmatdaşlyk departamentiniň başlygy Dawid Knýazýan bilen duşuşdy.
14.02.2024
5271
Türkmenistan wekiliýetiniň Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň wekileri bilen duşuşyk geçirdi
2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyga Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçisi M.Orazow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Amerika ýurtlary bölüminiň başlygy, Ilçi Ç.Ataýew, Geňeşiň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart, şeýle hem Geňeşiň agzalary bolan “"John Deere", "Case New Holland", "Boeing", "Exxon Mobil", "General Electric", "Climate Compass", "Zeppelin", "UGT Renewable", "Caterpillar", "Oxbow" we "Honeywell" amerikan kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
14.02.2024
4110
Türkmenistanyň Ilçisiniň Er-Riýad şäherinde ýerleşýän Ylmy aragatnaşyk we gözlegler merkeziniň başlygy bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçisi O.Çaryýew bilen Er-Riýad şäherinde ýerleşýän Ylmy aragatnaşyk we gözlegler merkeziniň başlygy, professor Dr. Ýahýa bin Mahmud Junaidiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ilçihanasynyň işgärleri we bu merkeziň ylmy işgärleri hem gatnaşdylar.