Hyzmatdaşlyk
15.12.2023
6140
Türkmenistanyň DIM-nde ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ýygnak geçirildi
2023-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda daşary syýasatymyzyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan ýygnagyny geçirdi.
14.12.2023
7020
Türkmenistanyň DIM-de UNFPA-nyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2023-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň “Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara foruma gatnaşmaga Aşgabada gelen, BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) gender meseleleri boýunça Geňeşçisi Leýla Şarafi bilen duşuşygy geçirildi.
13.12.2023
5494
Londonda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 28 ýyllygyna we Magtymguly Pyraga bagyşlanan edebi agşam geçirildi
2023-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyga hem-de Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömrine we döredijiligine bagyşlanan edebi agşam geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
13.12.2023
6575
Aşgabatda BMG-HABITAT bilen hyzmatdaşlyga bagyşlanan tegelek stol geçirildi
2023-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy (BMG-HABITAT) bilen hyzmatdaşlyga bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
12.12.2023
5668
Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň, «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen, ÝUNESKO-nyň Almatydaky Sebitleýin edarasynyň direktory Amir Piriç bilen duşuşygy geçirildi.
12.12.2023
5323
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Özbegistanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada “Dialog - parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatyna gatnaşmaga gelen, Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Kamilowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
11.12.2023
5386
Aşgabatda Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisi geçirildi
Şu gün paýtagtymyzda utgaşykly görnüşde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisi geçirildi. Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň wekilleri, şeýle hem halkara, sebit guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri gatnaşdylar.
11.12.2023
5951
Dialog — parahatçylygyň we netijeli halkara hyzmatdaşlygyň kepili
Şu gün paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara forum geçirildi.
11.12.2023
5854
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
2023-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatynyň işine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Reza Najafiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
11.12.2023
5667
Türkmenistanyň DIM-nde Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilçiliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
2023-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän çärelere hem-de “Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa sebit boýunça wekilçiliginiň ýolbaşçysy Bilýana Miloşewiç bilen duşuşdy.