Hyzmatdaşlyk
13.06.2023
5410
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alyp maslahatlaşdy
2023-nji ýylyň 13-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ÝUNESKO-nyň Tährandaky Klaster edarasynyň direktory, ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky we Eýrandaky wekili Golda El Huri bilen duşuşdy.
13.06.2023
4373
ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary bilen duşuşyk
Şu gün, 2023-nji ýylyň 13-nji iýunynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanow bilen gepleşikleri geçirdi.
12.06.2023
5848
Türkmenistan — ÝHHG: netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen wekiliýetiň agzalary bilen duşuşyk geçirildi.
12.06.2023
4229
ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparyň mejlisi
Şu gün Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, degişli halkara guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
09.06.2023
4358
Türkmenistan we BMG hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak ugruny tassyklaýarlar
2023-nji ýylyň 8-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-nyň Türkmenistandaky agentlikleriniň hem-de bu guramanyň sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylary bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
08.06.2023
4692
Türkmenistan we IAEA hyzmatdaşlygy berkitmek üçin geljekki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar
2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Türkmenistan üçin Çarçuwaly maksatnamasyny taýýarlamak boýunça mejlis geçirildi, oňa ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de IAEA-nyň ýolbaşçy wekilleri gatnaşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
07.06.2023
4906
Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Medeni taýdan özüňi görkezmegiň Konwensiýanyň agzalarynyň maslahatyna gatnaşdy
2023-nji ýylyň 6-njy iýunynda Ilçi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýew Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş edarasynda geçýän «Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek hakyndaky Konwensiýa» agza-döwletleriň dokuzynjy maslahatyna gatnaşdy.
07.06.2023
7077
Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň we Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşyklary geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň çäginde 2023-nji ýylyň 6-njy iýunynda Tbiliside iki ýurduň telekeçileriniň, şeýle hem Türkmenistan we Gruziýanyň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.
07.06.2023
10736
Tbiliside Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň mejlisi geçirildi
2023-nji ýylyň 6-njy iýunynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
07.06.2023
5983
Wise-premýer M.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýa iş saparyny amala aşyrýar
Iki ýurduň Baştutanlarynyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklar babatynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 4-7-nji iýuny aralygynda Rimde iş saparynda bolýar.