27-nji noýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Ylym ösüşleriň ygtybarlygy, ýaşlar hyjuw bilen bezär barlygy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenilip, ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Bäsleşik 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy hem-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy myasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen «Diýar» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan bilelikde yglan edildi. Onuň esasy maksady mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyny dabaralandyrmakdan, ata Watanymyzyň berkararlygyny, şan-şöhratyny we abraý-mertebesini ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmekden, ýaşlaryň döredijilige bolan gyzyklanmalaryny artdyrmakdan, olary täze gözleglere ruhlandyrmakdan ybarat boldy. Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda bäsleşigiň guramaçylarynyň — «Diýar» žurnalynyň baş redaktory Jemal Toryýewanyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkez Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Döwletgeldi Durdymuhammedowyň çykyşlary diňlenildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylma, bilime, döredijilige bolan gyzyklanmalaryny yzygiderli höweslendirmek ugrunda uly işleriň durmuşa geçirilýändigi, «Ylym ösüşleriň ygtybarlygy, ýaşlar hyjuw bilen bezär barlygy» atly bäsleşigiň hem şeýle işleriň hataryna degişlidigi bellenildi.
Soňra döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edilip, olary sylaglamak dabarasy boldy. Baş baýragy Balkanabat şäheriniň 17-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy Hemra Täçgylyjow eýeledi. 1-nji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň öwreniji mugallymy Baýmyrat Annabaýew, 2-nji orna Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy Aýbölek Perdäýewa we Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy Aýnabat Rozyýewa mynasyp boldy. Bäsleşigiň 3-nji ornuny Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň kafedra müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Hydyrguly Orazgulyýew, Türkmen oba hojalyk institutynyň hünärmeni Albina Zakirjanowa, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň «Döwlet dolandyryş» ugrunyň 2-nji ýyl magistranty Bekgi Arslanow gazandy. Şeýle hem bäsleşikde tapawutlanan ýaşlaryň ençemesine höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.
Dabara döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna ýürek buýsançlaryny beýan etmekleri bilen tamamlandy.