Hyzmatdaşlyk
26.05.2023
5324
Türkmenistanyň DIM-nde UNAMA-nyň missiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
2023-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” formatynda Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygyna gatnaşmak üçin Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) başlygy Roza Otunbaýewa bilen gepleşikleri geçirdi.
26.05.2023
4591
Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekilleri bilen gepleşikler geçirildi
2023-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” formatda Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala we Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Niklasson bilen duşuşdy.
24.05.2023
6136
Türkmenabatda IÝÖHK-niň Hereketler maksatnamasyny amala aşyrmakda öňe gidişlik barada pikir alyşmak boýunça maslahat geçirildi
2023-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenabat şäherinde 1994-nji ýylyň Ilat ýagdaýy we ösüşi boýunça halkara konferensiýasynyň (IÝÖHK) Hereketler maksatnamasyny amala aşyrmakda öňe gidişlik barada pikir alyşmak boýunça maslahat geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň DIM-i habar berýär.
23.05.2023
5030
Türkmen-slowen hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajiýew wideoulgamy arkaly Sloweniýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministrliginiň döwlet sekretary Samuel Žbogar bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
22.05.2023
6846
Türkmenistan — Gruziýa: parlamentara gatnaşyklar pugtalandyrylýar
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde “Türkmenistan — Gruziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Dawid Matikaşwiliniň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen Gruziýanyň parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
22.05.2023
5088
Türkmenistanyň başlangyjy bilen UNESCAP-yň Kararnamasy kabul edildi
Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) Bangkokda (Tailand) geçirilen 79-njy sessiýasynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň başlangyjy esasynda bu Komissiýanyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň howdany boýunça Ýörite Maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Kararnamasy biragyzdan kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
19.05.2023
4889
Türkmenistanyň wekiliýeti «KazanForum 2023» forumyň çärelerine gatnaşýar
2023-nji ýylyň 18-nji maýynda Tatarstanyň paýtagtynda «KazanForum 2023» halkara ykdysady forumyň ilkinji çäreleri öz işine başlady.
19.05.2023
6032
Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda köptaraply geňeşmeleriň usullaryny döretmegi teklip etdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda köptaraply geňeşmeleriň usullaryny döretmegi teklip etdi. Bu barada döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» birinji sammitinde eden çykyşynda belledi.
18.05.2023
5695
Türkmenistan «Russiýa – Yslam dünýäsi: Kazan Forum2023» atly halkara ykdysady foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti «Russiýa – Yslam dünýäsi: Kazan Forum2023» atly XIV halkara ykdysady foruma gatnaşýar.
17.05.2023
7488
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň “Bütindünýä durnukly ulag güni” atly Kararnamasy kabul edildi
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 16-njy maýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, 26-njy noýabr «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi.