Hyzmatdaşlyk
05.10.2022
4314
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2022-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
05.10.2022
4268
Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2022-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
04.10.2022
8856
Türkmenistan – Hytaý: netijeli özara gatnaşyklary berkidip
1-nji oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni bellenildi. Şu waka mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýana hem-de ýurduň ähli dostlukly halkyna ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
03.10.2022
6051
GDA giňişliginde hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Russiýa döwlet federal habarlar agentligi TASS, şu ýylyň oktýabr aýynda GDA ýurtlaryndan foto habarçylary, noýabrda bolsa žurnalistler üçin maslahat geçirmegi göz öňünde tutýar.
02.10.2022
5211
Türkmenistan — Hytaý: bilelikde ilerlemegiň hem-de gülläp ösüşiň ýoly bilen
«Ženmin Žibao» gazetiniň teklibine höwes bilen seslenip, bu hormatly we abraýly neşiriň sahypalarynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň barşy hem-de geljegi barada käbir pikirlerimi paýlaşmak isleýärin.
30.09.2022
4339
Türkmenistanyň DIM-nde Ýewropa Bileleşiginiň Ilçisi bilen duşuşyk
29-njy sentýabrda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Diego Ruis Alonso bilen duşuşygy geçirildi.
26.09.2022
6303
Türkmenistanyň DIM-nde Montana ştatynyň General adýutanty bilen harby meseleler boýunça duşuşyk geçirildi
2022-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Montana ştatynyň General maýory, General adýutanty, Montana ştatynyň Milli gwardiýasynyň Baş serkerdesi we Montana ştatynyň Döwlet departamentiniň Harby meseleler boýunça müdiri Jon P. Hronek bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi web-saýtynda habar berilýär.
23.09.2022
7541
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlary barada aýtdy
Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry hökmünde Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilip, halkara gatnaşyklarynyň we diplomatiýanyň dünýä taryhynda nusgalyk tejribesi toplanyldy. Bu barada Türkmensitanyň Prezidenti Döwlet maslahatynda eden çykyşynda belledi.
23.09.2022
5941
Nýu-Ýorkda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň her ýylky duşuşygy
2022-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň ýokary derejeli hepdeliginiň çäklerinde Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň her ýylky duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
21.09.2022
6704
«Türkmenistanyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy: gazanylan tejribe we ösüşiň geljegi» atly halkara maslahaty
2022-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy: gazanylan tejribe we ösüşiň geljegi» atly halkara maslahaty geçirildi.