Hyzmatdaşlyk
14.04.2021
3830
Türkmenistan Stambuldaky Owganystan boýunça duşuşyga çagyryldy
Owganystan boýunça Stambulda boljak duşuşyga gatnaşmaga çagyrylýan 21 döwletiň içinde Türkmenistan hem bar. RIA Nowosti diplomatik çeşmä salgylanyp bu barada habar berýär.
14.04.2021
1939
Fransiýanyň maýalaşdyryş banky Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär
Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň wekilleriniň, şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklar banky bilen Fransiýanyň maýalaşdyryş bankynyň (BPI France) arasynda onlaýn-duşuşyk boldy.
13.04.2021
3249
«Merkezi Aziýa – Hytaý» dostluk formaty ýaýbaňlanýar
Hepdäniň sişenbe güni Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň onlaýn-duşuşygy geçdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi. Gepleşikleriň baş maksady — «Merkezi Aziýa — Hytaý» dostlugy berkitmek babatda ministrleriň ikinji duşuşygyna taýýarlykdyr, ol şu ýyl geçiriler.
11.04.2021
4763
Kazanda «2021 ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» futbol Kubogynyň ýaryşy geçirildi
Kazanyň «Bustan» sport toplumynda «2021 ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» futbol Kubogy ugrunda mini-futbol bäsleşigi geçirildi. Tatarstan Respublikasynyň sport we ýaşlar baradaky Ministrliginiň, şeýle-de Kazanyň (Priwolžsk) federal uniwersitetiniň hemaýat bermeginde Türkmenistanyň Kazandaky (Russiýa Federasiýasy) Baş konsullygy bu turniri.
10.04.2021
7390
Ankarada Türkmenistanyň Prezidentiniň türk dilinde neşir edilen kitaplary tanyşdyryldy
2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy we Türkiýäniň Ankara uniwersiteti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da”, “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaplarynyň türk dilinde neşir edilmegi bilen baglanyşykly sergi we maslahat gurady.
08.04.2021
2740
Türkmenistanyň we RF-iň Astrahan oblastynyň wekilleri Hazar sebitinde haryt dolanyşygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) Konsullygynyň başlangyjy boýunça 7-nji aprelde wideoduşuşyk guraldy, onda Astrahan oblastynyň portdaky aýratyn ykdysady zonasynyň çäginde (PAYZ) Türkmenistanyň logistika merkezini açmak mümkinçiliklerine seredildi.
08.04.2021
2652
Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyna gol çekildi
Daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifiň ýolbaşçylygynda EYR-iň wekilleriniň Aşgabatdaky iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn türkmen-eýran daşary syýasaty boýunça geňeşmeler geçirildi.
08.04.2021
2829
Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň DIM-niň wekilleri özara hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Wideoaragatnaşyk maslahaty arkaly türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary – Wepa Hajyýew, ýapon tarapyna bolsa – ministriň ikinji kömekçisi, DIM-niň Ýewropa işleri boýunça Gullugynyň baş direktorynyň orunbasary, Merkezi Aziýa, Kawkaz we GUAM boýunça ýörite wekil Şuiçi Tokuda ýolbaşçylyk etdi.
06.04.2021
3049
Ýurduň Daşary işler ministri OYR-nyň wekilleri bilen duşuşdy
Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Haj we din işleri boýunça ministri Mohammed Kasim Haliminiň ýolbaşçylygyndaky owgan wekilleri bilen duşuşygy geçirildi.
06.04.2021
5107
Öňüni alyş diplomatiýa Akademiýasy ýaşlaryň arasynda bäsleşik geçirýär
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi «Öňüni alyş ilçisi» halkara ýaşlar bäsleşigini yglan edýär.