Hyzmatdaşlyk
14.10.2025
5159
Türkmen wekiliýeti Osaka şäherinde geçirilen «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasy geçirildi.
14.10.2025
5521
Türkmenistanyň wekiliýeti “Zenanlaryň bütindünýä sammiti -2025” gatnaşdy
13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň başlygy Oguljennet Berdiliýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Pekinde geçirilen gatnaşdy. «Zenanlaryň bütindünýä sammiti – 2025» atly halkara foruma gatnaşdy.
13.10.2025
6088
Türkmenistanyň ýaşlary durnukly ösüş üçin ekologiýa meseleleriniň üstünde işjeň işleýärler
2025-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 120-den gowrak öňdebaryjy ýaşlary, Durnukly ösüş maksatlarynyň Ýaş Ilçilerini, ekologiýa ugrundaky işjeň raýatlary, döwlet edaralarynyň, BMG-niň düzümleriniň wekillerini we bilermenlerini birleşdiren Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty geçirildi.
11.10.2025
3578
Türkmenistanyň wekiliýeti Brýusselde geçirilen «Global Gateway 2025» forumyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 9–10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Belgiýa Patyşalygynyň paýtagty Brýussel şäherinde geçirilen «Global Gateway 2025» atly ikinji foruma gatnaşdy.
11.10.2025
2756
Şarja şäherinde Türkmenistan-BAE ikinji işewürlik forumy geçirildi
2025-nji ýylyň oktýabrynyň başynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Şarja şäheriniň Söwda-senagat edarasynyň (SCCI) binasynda geçirilen Türkmenistan-BAE ikinji işewürlik forumyna gatnaşdy.
11.10.2025
5591
Türkmenistanyň wekiliýeti Adam ölçegleri boýunça Warşawa maslahatyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda ÝHHG-niň ýanyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Finlýandiýanyň hem-de ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býurosynyň guramagyndaky Adam ölçegleri boýunça Warşawa maslahatynda çykyş etdi.
10.10.2025
5436
Türkmenistanyň Efiopiýadaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Addis Abebada şäherinde Türkmenistanyň Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasyndaky täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Ankara şäheri) M.Işangulyýew bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Protokol müdirliginiň başlygy hanym Aziza Geleta Dessalegne ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
10.10.2025
3666
Türkmenistan – Özbegistan: hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Özbegistanyň we Türkmenistanyň wekilleriniň duşuşygy boldy.
10.10.2025
4855
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Baş syýasy sekretary bilen duşuşyk barada
2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Baş syýasy sekretary Datuk Seri Şamsul Iskandar Mohd Akiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi.
09.10.2025
4609
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hirosi Sasakiniň arasynda duşuşyk geçirildi.