Jemgyýet
19.11.2021
8920
Täze “Erkin” seýilgähi Aşgabadyň ýaşyl lybasyna görk goşdy
Şu gün paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde açylan “Erkin” atly täze, döwrebap seýilgäh hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýaýbaňlandyrylan, Aşgabady ösdürmegiň şähergurluşyk maksatnamasynyň aýdyň netijesidir. Täze seýilgäh Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylan ýylynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ilaty üçin ajaýyp sowgat boldy.
19.11.2021
14300
Maşgala gymmatlyklary we nesiller dowamaty
Ministrler Kabinetiniň 16-njy nobabrda sanly ulgam arkaly geçrilen mejlsinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde milli maşgala gymamtlyklaryny wagyz etmeklige, ýaşlara watanperwerlik we ahlak tebiýesini bermeklige aýratyn üns çekdi.
18.11.2021
12881
Sekizýap – Köpetdagyň merjen dänesi
Köpetdagyň goýnunda ençeme ajaýyp ýerler bar. Dag gerişleri, kert kenarly çeşme-çaýlarynyň we geň galdyrýan dereleriň hem-de belent daglaryň arasyndaky tekiz belentlikleriň gapma-garşylygy haýrana goýýar.
17.11.2021
25052
Ýaşlar baýragy gowşuryldy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli bu guramanyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly ada mynasyp bolan ýaşlary sylaglamak dabaralary geçirildi.
15.11.2021
10142
Howa maglumaty: ildeşlerimizi ýagyşly we şemally howa garaşýar
Ýaňy başlan hepde şemally we ýagyşly boljaklygyndan habar berýär. Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň deslapky çaklamalaryna görä, 16-njy noýabrda ̶ sişenbe güni temperatura peselip, ýagyş ýagar.
15.11.2021
6431
Türkmenistanda milli DÖM ýerligi döredildi
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin ýerlik» (DÖM) taslamasy bilen bilelikdäki DÖM-iň maglumatlaryny ýygnamak we ýaýratmak boýunça milli ýerlik döretmek işi tamamlandy.
14.11.2021
41695
Hasyl toýy: türkmen daýhanlarynyň zähmetiniň şanyna dabaralar
Şu gün tutuş ýurdumyzda Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu baýramçylyk oba hojalyk ýylynyň, ekerançylaryň tutanýerli zähmetiniň jemini jemleýär, türkmen topragynyň berekedini, saçaklarymyzyň bolçulygyny alamatlandyrýar.
13.11.2021
9015
Ýurdumyzyň oba hojalygynyň öňdebaryjy işgärlerine döwlet sylaglary gowşuryldy
Şu gün paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan kärendeçileri, pagtaçylary, gallaçylary, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri we beýleki hünärmenleri sylaglamak dabarasy boldy.
12.11.2021
34346
Ýurdumyzda hasyl toýy belleniler
Noýabr aýynyň ikinji ýekşenbe güni bellenýän Hasyl toýy orak, ekerançylyk we pagta ýygymy möwsüminiň tamamlanandygyny aňladýar, şonuň üçin esasy dabaralar oba hojalyk işgärlerine, daýhanlara, mülkdarlara, agronomlara, seleksiýaçylara we oba hojalygynyň beýleki zähmetkeşlerine bagyşlanar.
12.11.2021
6858
Lebap welaýatynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasy boýunça maslahat geçirildi
«Türkmenistanyň guraksy sebitlerindäki oba hojalyk jemagatlarynyň howa ýagdaýyna görä durnukly ykdysady işini goldamak» atly BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň hem-de USAID-iň maliýe goldawy arkaly tejribeli bagbanlaryň pikirleri we islegleri öwrenilip, Samarkantdan (Özbegistan) miweli agaç nahallarynyň 3140 sanysy satyn alyndy.