mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Jemgyýet

news-photo

23.03.2021

total-veiw

10931

Aşgabat-140 ýyl: halkara derejeli sport merkezi

Ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny hem-de Watanymyzyň ak mermerli paýtagty Aşgabadyň 140 ýyllygyny giňden baýram etmäge taýýarlyk görýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilik zehininiň miwesi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň özboluşly nyşanyna öwrülen baky juwan, kalplary gözelligi we ajaýyplygy bilen haýran galdyrýan bu şäher Türkmenistanyň iň täze taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Paýtagtymyz berkarar döwletimiziň kemala gelşiniň esasy tapgyrlaryny, rowaýatlara dolan geçmişini we şöhratly şu gününi beýan edýär.

news-photo

23.03.2021

total-veiw

11527

Ahalteke bedewlerimiziň dünýä dolan şöhraty milletimiziň buýsanjydyr

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Bedew batly öňe barýar Arkadagly Türkmenistan!” atly çäre geçirildi.

news-photo

23.03.2021

total-veiw

5483

Ýoluň ak bolsun, Aşgabat!

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň toýlanýan ýylynyň Nowruzynda taýçanak dünýä indi. Milli Liderimiz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda şeýle belleýär: «Eger at taýçanaklasa, bu habar edil çaga dünýä inen ýaly, çar töwerege buşlanypdyr. Atda lakam diýen zat bolmandyr, diňe at goýlupdyr. Olaryň nesil daragty hem edil ynsanyňky ýaly — ogul, gyz, agtyk, çowluk diýlip atlandyrylypdyr... Türkmenlerde: «Ertir tur, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýen pähim bar».

news-photo

21.03.2021

total-veiw

9893

Türkmenistanlylar galkynyşyň we durmuş ösüşiniň dabaralanmasyny özünde jemleýän Nowruzy garşyladylar

Şu gün halkymyz Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny uly ruhubelentlikde dabaralandyrdy. Bahar paslynda tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäreleri aýdym-sazly çykyşlar we türkmen halkynyň oňyn däp-dessurlary bilen türkmen topragynyň gözelligine gözellik goşdy.

news-photo

20.03.2021

total-veiw

4636

Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde täze seýilgäh döredilýär

Şu gün Türkmenistanda Milli bahar baýramyna – Halkara Nowruz gününe bagyşlanyp ählihalk bag ekmek çäresi geçirildi. Şäheriň ýene bir işewürlik we durmuş-medeni merkezi döredilýän demirgazyk böleginde tiz wagtda Aşgabadyň bu künjegine bezeg berjek täze seýilgähde nahallar oturdyldy.

news-photo

19.03.2021

total-veiw

3118

Türkmen we gruzin hünärmenleri buýan köküni farmasewtikada ulanmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde buýan köküniň dermanlyk häsiýetlerini öwrenýän iki ýurduň hünärmenleriniň onlaýn duşuşygy geçirildi.

news-photo

18.03.2021

total-veiw

5437

«Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgysy» neşiriniň nobatdaky sany çapdan çykdy

Dowamly çap edilýän «Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgysy» neşiriniň 13-nji goýberilişi çapdan çykdy, onda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar bilen geçirilen 2019-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli syýasy we guramaçylyk işini açyp görkezýän wakalar beýan edilýär.

news-photo

16.03.2021

total-veiw

4543

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti Mejlisiň Başlygynyň ýolbaşçylygynda “Parahatçylygy, ynanyşmagy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmakda zenanlaryň orny” atly Merkezi Aziýa forumyna gatnaşdy. Duşuşyk Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan guraldy. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen çärä ÝHHG-niň başlygy hem-de Şwesiýanyň daşary işler ministri Ann Linde, ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid, daşary ýurtlaryň parlamentleriniň we halkara düzümleriniň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.


news-photo

13.03.2021

total-veiw

3794

Üç sekunt düzgüni we onlaýn-KHBS-niň işiniň şowlulygynyň beýleki ölgeçleri

Ählumumy habarlar giňişligi bolan Internetde  täzelikler akymy döredilýär, ilerledilýär we goşulyşýar. Onlaýn-medialaryň görkezijisi olara okyjynyň üç sekundyň dowamynda özüne çekijiligine ( internet sahypa girmelimi ýa-da girmeli  däl diýip belli çözgüde gelşine) baglydyr. Uzak garaşdyran kligiň hut siziň maglumatyňyza gelmegi, ony hut siziň onlaýn-neşiriňizi saýlamaga ynandyrmak  üçin näme etmeli?

news-photo

13.03.2021

total-veiw

16689

Fotoreportaž: baharyň gyş öwüşgini ýa-da martyň aýazly oýny

Onuň Alyhezretleri Bahar Pasly aşgabatlylara garaşylmaýan sowgat getirdi. Paýtgatyň ilaty irden oýanandan özüni pasyllara syýahat eden ýaly duýdy: akja gar we mart  aýy üçin duýdansyz aýaz bizi, hamala,  gyşa  dolanan ýaly etdi...

...389