Ï Howa maglumaty: maýyl we ýagyşly howa garaşylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Howa maglumaty: maýyl we ýagyşly howa garaşylýar

view-icon 3055
Howa maglumaty: maýyl we ýagyşly  howa garaşylýar

Türkmenistanda hepdäniň başynda açyk, maýyl howa çaklanylýar. Penşenbeden, ýagny 25-nji noýabrdan howanyň sowamagyna we ýagyş ýagmagyna garaşylýar.

Aşgabatda az-kem bulutly, gündizlerine +16…+18 gradusdan +11…+13 gradusa çenli maýyl howa bolar. Gijelerine +5…+7 gradusdan 0…+2° gradusa çenli maýyl howa bolar. Hepdäniň ortasynda az-kem ýagyş ýagmagy mümkin.

Ahal welaýatynda hem şeýle howa bolar. Gündizlerine +15…+20 gradusdan +9…+14 gradusa çenli maýyl howa bolar. Howa gijelerine +2…+7 gradus bolup, 2…+3 gradusa çenli sowamagy mümkin. Ygal ýagmagy çaklanylýar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly we ýagyşly howa bolar. Gündizlerine howa +16…+21 gradusdan +10…+15 gradusa çenli pese düşer, kenarýaka sebitlerde +8…+13° gradus maýyl howa bolar. Howa gijelerine +5…+10 gradusdan 2…+3 gradusa çenli sowar.

Mary welaýatynda hem ýagyş ýagar. Gündizlerine +16…+21 gradusdan +10…+15 gradusa çenli maýyl howa bolar. Gijelerine +2…+7 gradusdan –3…+2 gradusa çenli sowuk howa bolar.

Lebap welaýatynda hem gijelerine +1…+6 gradusdan –4…+1 gradusa çenli sowuk howa bolar. Gündizlerine +15…20 gradusdan +8…13 gradusa çenli maýyl howa bolar. Ýagyş ýagmagy mümkin.

Daşoguz welaýatynda ümürli howa bolmagy mümkiin. Gündizlerine +11…+16 gradusdan +4…+9 gradusa çenli maýyl, az-kem ýagyşly howa bolar. Gijelerine 0…+5 gradusdan –1…–6 gradusa çenli sowuk bolmagyna garaşylýar.

Möwsümleýin sowuklama keselleriniň we wirus ýokançlarynyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin howanyň ýagdaýyna görä ýyly geýniň. Agyz-burun örtügini dakynyň we howpsuz aralygy saklaň.