Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri: – Bagtyýar halkymyzyň agzybirligi we jebisligi biziň güýçli döwletimiziň sarsmaz sütünidir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri: – Bagtyýar halkymyzyň agzybirligi we jebisligi biziň güýçli döwletimiziň sarsmaz sütünidir

view-icon 3
Türkmen halkynyň Milli Lideri: – Bagtyýar halkymyzyň agzybirligi we jebisligi biziň güýçli döwletimiziň sarsmaz sütünidir

18-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitledi.

Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde ýurdumyzyň bedew batly ösüşi aýdyň beýan edilendigini belledi. Şeýle hem döwletimiziň ykdysady kuwwatyny yzygiderli artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde belleýşim ýaly, berkarar döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy adam we onuň abadançylygydyr. Raýatlarymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşyny üpjün etmek biziň baş maksadymyzdyr. Bagtyýar halkymyzyň agzybirligi we jebisligi biziň güýçli döwletimiziň sarsmaz sütünidir» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmelidigini belledi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, sebitlerimiziň durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösüşini üpjün etmek boýunça kabul edilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

«Ozal hem belleýşim ýaly, Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň dowamynda durmuşa geçirilen beýik işler bilen birlikde, biziň kabul eden maksatnamalarymyzy ýerine ýetirmek, ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin entek etmeli işlerimiz az däl» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.