Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda «Bedew batly Watanymyzyň ösüşleri – bagtyýar ýaşlaryň abadan geljeginiň kepili» ady bilen maslahat geçirildi.
Oňa Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, mugallymlar we talyp-ýaşlar gatnaşdylar. Maslahat Türkmenistanyň Halk Maslahaty we Mejlisi, syýasy partiýalardyr jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde guraldy.
Maslahatda edilen çykyşlarda ýurdumyzyň geljegine deňelýän ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, öz saýlan hünärleriniň mynasyp eýeleri bolmagy, bagtyýar durmuşda ýaşamagy we halal zähmet çekmegi üçin döredilýän amatly şertler dogrusynda aýratyn durlup geçildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şeýle şertlerden ýerlikli peýdalanyp, dürli ulgamlarda ýurdumyzyň halkara abraýyny belentde göterýän ýaşlaryň üstünlikleri hakynda buýsançly gürrüň edildi.