Ï Ömri žurnalistika öwrülen ynsan
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ömri žurnalistika öwrülen ynsan

view-icon 40
Ömri žurnalistika öwrülen ynsan

Şu gün zehinli žurnalist, «Altyn asyr» elektron gazetiniň synçysy, ömrüniň 40 ýyla golaýyny žurnalistika bagyş eden Amangeldi Nurmyradowyň 64 ýaşy dolmalydy. Emma ykbal ony bu günleriň şatlygyny paýlaşmakdan mahrum etdi.

Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetini tamamlandan soň, ol gysga wagtlap telewideniýede işledi. Soňra Türkmenistanyň dürli metbugat neşirlerinde zähmet çekip, habarçy bolup zähmet çekdi we baş redaktor wezipesine çenli döredijilik ýoluny geçdi. Ol «Вечерний Ашхабад» gazetiniň baş redaktory wezipesinde-de işledi.

Kärdeşleri we okyjylar ony hiç haçan özgelere degişli aladalara biparh garamaýan, jemgyýetçilik ähmiýetli möhüm meseleleri gozgamaga çalyşýan žurnalist hökmünde tanaýardylar. Onuň makalalary we seljerme häsiýetli synlary tema çuňňur aralaşmagy, her bir jikme-jiklige üns bermegi hem-de töweregindäki dünýäniň has adalatly bolmagy ugrunda yzygiderli tagalla etmegi bilen tapawutlanýardy. Amangeldi Nurmyradowyň resmi habarlaryň setirleriniň aňyrsynda duran hakyky adamlary, olaryň aladalaryny, umyt-arzuwlaryny we ýürek isleglerini görmegi başarýan aýratyn zehini bardy. Şonuň üçin-de onuň galamyndan çykan ýazgylar okyjylaryň kalbynda özüne mynasyp orun tapyp, giň jemgyýetçilik seslenmesine eýe bolýardy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginde (TDH) we Amangeldi Nurmyradowyň ömrüniň soňky ýyllarynda zähmet çeken «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynda ony diňe bir söz ussatlygyna kämil, ýokary hünärli žurnalist hökmünde däl, eýsem, ynsanperwerligi we päk ahlaklylygy bilen tapawutlanan adam hökmünde hem ýatlarlar. Ol milli žurnalistikamyzyň iň gowy däplerini dowam etdiren hakyky žurnalistdi.

Baý iş tejribesine eýe bolan Amangeldi Nurmyradow ýaş žurnalistlere hemişe goldaw bermäge, hünäriň inçe syrlaryny paýlaşmaga, makalalar üçin gyzykly temalary tapmaga ýardam etmäge wagt tapardy. Ol özüniň ýiti degişmeleri, ýerlikli sözleri bilen işdeşleriniň arasynda ýakymly ýagdaýy döretmegi-de başarýardy. Bir gezek ondan näme sebäpden şunça ýyllaryň dowamynda hünärini üýtgetmändigi barada soranlarynda, ol: «Men başga zady başarýan däldirin, hatda muny islämogam» diýip, ýönekeýje jogap beripdi. Köp işgärler üçin onuň redaksiýadaky otagy döredijilikli pikir alyşmalaryň, gyzykly söhbetdeşlikleriň hem-de hakyky ussatlyk mekdebiniň merkezine öwrülipdi.

Amangeldi Nurmyradowyň ady häzirki zaman türkmen žurnalistikasynyň taryhynda mynasyp orun eýeledi. Onuň her bir setirinde okyja bolan hormat, saýlap alan kärine wepalylyk duýulýardy.

Žurnalistler, dost-ýarlary, kärdeşleri we tanyşlary Amangeldi Nurmyradowyň aradan çykmagy zerarly onuň maşgala agzalaryna, dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna çuňňur gynanç bildirýärler. Bu ajaýyp ynsanyň, öz işine wepaly ussat žurnalistiň hem-de wepaly dostuň ýagty ýadygärligi biziň kalbymyzda hemişelik ýaşar.