mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

news-photo

18.05.2024

total-veiw

599

Magtymgulynyň mirasy adamzat medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegidir

Şu gün paýtagtymyzda beýik akyldar we nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.

news-photo

18.05.2024

total-veiw

698

Türkmen wekiliýeti Eýranyň Gülistan welaýatynda saparda bolýar

Ýurdumyzyň wekilçilikli topary Eýran Yslam Respublikasynyň Gülistan welaýatynyň Gürgen şäherinde zyýarat sapary bilen boldy.

news-photo

17.05.2024

total-veiw

1089

Beýik Magtymgulynyň ýadygärligi belentden seleňläp görünýär

Şu gün agşam paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy.

news-photo

17.05.2024

total-veiw

530

Şanly senelere sowgatlyklar taýýarlandy

Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň dokma kärhanalary birnäçe ýadygärlik önümlerini öndürdiler.

news-photo

16.05.2024

total-veiw

1414

Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsullygy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirdi

2024-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsullygynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

news-photo

14.05.2024

total-veiw

1566

Seulda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi

2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda Seul şäheriniň Ýoňsan etrap häkimliginiň binasynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi.

news-photo

13.05.2024

total-veiw

2048

Toý-baýrama beslenýär Pyragynyň mekany

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy Magtymguly Pyragynyň şygryýetinde beýan edilen watançylyk, ynsanperwerlik we ýokary ahlaklylyk ýaly gymmatlyklary ýaşlarda terbiýelemäge gönükdirilen yzygiderli çäreleri geçirýär.

news-photo

11.05.2024

total-veiw

1685

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, «Giň jahana ýaýran Pyragynyň sarpasy» atly döredijilik çäresi geçirildi.

news-photo

11.05.2024

total-veiw

1433

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan täze film atalaryň we ogullaryň arasyndaky gatnaşyklar hakynda

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde «Atalar we ogullar» çeper-publisistik film taýýarlanylýar. Bu iş Magtymguly Pyragynyň şygryýetiniň muşdagy we ony gowy bilýän Rahymberdi Annagulyýewiň taslamasydyr. Ol ozal nusgawy şahyryň ömri we ruhy dünýäsi, şahyrana we filosofiki garaýyşlary barada diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, halkara film görkezişlerinde-de ykrar edilen belli «Istärin» filminiň edebi esasyny ýazypdy.

news-photo

09.05.2024

total-veiw

2323

Suratkeşleriň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan simpoziumy geçirildi

Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň Lebap welaýat şahamçasynyň bilelikde guramaklarynda Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň şygary bilen adybir «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik simpoziumy geçirildi.

...11