mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýet

news-photo

04.04.2024

total-veiw

8646

Magtymguly Pyragy hakynda täze spektakl sahnalaşdyrylýar

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary ata-babalarymyzyň öçmejek yz galdyran şöhratly geçmişimizi, türkmen dünýäsiniň milli däp-dessurlaryny, ynsanperwer ýörelgelerini öz içine alýan taryhy eserleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhuny özünde jemleýän, Gahryman Arkadagymyzyň paýhas ummanyndan hasyl bolan ajaýyp kitaplary esasynda milli mirasymyzyň täsin gudratyny, zamanamyzyň ajaýyplyklaryny, jemgyýetimiziň nurana keşbini açyp görkezýän sahna eserlerini yzygiderli sahnalaşdyrýar.

news-photo

03.04.2024

total-veiw

5493

Duşenbede Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy

Şu gün Duşenbede Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu giň gerimli döredijilik çäresi türkmen-täjik döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine möhüm goşant bolar.

news-photo

03.04.2024

total-veiw

4547

Paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Dynç günleri paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň teatrlary dürli ýaşdaky tomaşaçylary öz çykyşlaryna çagyrýarlar.

news-photo

03.04.2024

total-veiw

5825

Hindistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan resmi film surata düşüriler

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň kinematograflary nusgawy akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna birnäçe resmi film taýýarlaýarlar. Bu filmler eýýäm Özbegistanda, Azerbaýjanda, Eýranda, Türkiýede, Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Russiýanyň Astrahan oblastynda surata düşürildi.

news-photo

02.04.2024

total-veiw

6140

Türkmenistanyň «Uly Aziýa» metbugat topary bilen hyzmatdaşlygy oňyn gün tertibini öňe sürmäge gönükdirilendir

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, geçen hepdede guralan uly dabaralar we olara gabat getirilen «Türkmen topragy gadymy siwilizasiýanyň merkezidir» atly halkara metbugat forumy we «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary» atly halkara maslahat daşary ýurt KHS-iň köpüsinde, şol sanda «Uly Aziýa» saýtynda-da öz giňişleýin beýanyny tapdy.

news-photo

01.04.2024

total-veiw

7154

Resul Gylyjowyň sazandalar toparynyň konsertinde filmlerden sazlar ýaňlandy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň konserti boldy. Konsertde Oskar baýragyna mynasyp bolan filmlerden sazlar ýaňlandy.

news-photo

01.04.2024

total-veiw

8456

Moskwada «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary mynasybetli konsert geçiriler

Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynyň Muzeý-sergi toplumynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň goldamagynda türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan konsert bolar.

news-photo

30.03.2024

total-veiw

7754

Türkmen telewideniýesi Hally bagşynyň 165 ýyllygyna bagyşlanan gepleşigi görkezer

30-njy martda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Miras» teleýaýlymy üçin Hally bagşynyň 165 ýyllygyna bagyşlanan gepleşigiň ýazgysy amala aşyryldy.

news-photo

29.03.2024

total-veiw

7686

Annabibi Yslamowa: haly sungatynyň ussady

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Annabibi Yslamowanyň haly we haly önümleriniň sergisi açyldy. 

news-photo

29.03.2024

total-veiw

8810

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatryndan çagalara sowgat

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatryň aktýorlary ýaş tomaşaçylar üçin ajaýyp sowgat taýýarladylar.

...359