Ï Duşenbede Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Duşenbede Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy

view-icon 2344
Duşenbede Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy

Şu gün Duşenbede Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu giň gerimli döredijilik çäresi türkmen-täjik döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine möhüm goşant bolar.

Açylyş dabarasy Täjigistanyň Sadriddin Aýni adyndaky opera we balet akademiki döwlet teatrynda geçirildi. Dabara iki dostlukly ýurduň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, medeniýet, sungat, ylym-bilim ulgamlarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Goňşy döwletler bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän  Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 

Türkmen-täjik gatnaşyklary asyrlaryň jümmüşine uzaýar. Medeniýetiň, däp-dessurlaryň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy iki dostlukly halkyň ýakynlaşmagyna, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän möhüm şert bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyzda medeni gatnaşyklary ösdürmek babatda giň mümkinçilikler bar. Yzygiderli ösdürilýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýar we halklaryň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklaryň berkemegine kuwwatly itergi berýär.

Ine, bu gün hem iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleri täjik topragynda duşuşýarlar. Ýygnananlar döredijilik forumyny guramaga döredilen mümkinçilik üçin iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlaryna hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de şu gezekki çäräniň türkmen we täjik halklarynyň medeniýetleriniň özara baýlaşdyrylmagyna, iki ýurduň döredijilik işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Medeniýet günleri dowam edýär.