Medeniýet
07.08.2024
8144
Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhas we döredijilik mirasy — umumadamzat gymmatlygy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Munuň özi eserleri dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik söz ussadynyň bahasyna ýetip bolmajak pähim-paýhas, döredijilik mirasyny öwrenmäge täze itergi berýär.
07.08.2024
4317
Teatr möwsümi açylýar!
Hepdäniň geljek dynç günleri – 10-11-nji awgustda teatrlaryň döredijilik toparlary öz sahna oýunlary bilen tomaşaçylary begendirer.
07.08.2024
6856
«Gorkut ata» kinofestiwalynda Magtymguly hakynda täze türkmen-özbek kinofilmini görkezmek meýilleşdirilýär
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäklerinde türkmen we özbek kinematografiýaçylarynyň uly döredijilik topary şahyryň durmuş we döredijilik ýoluna bagyşlanan doly metražly film döretmek boýunça bilelikde işleýärler.
07.08.2024
4862
Aşgabatda milli senetçiligi ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Türkmen milli senetçiligini ösdürmegiň meseleleri we dünýä tejribesi» atly maslahat geçirildi. Çäre ata-baba halk senetçiligini döwre laýyk ýöretmegi, häzirki zaman jemgyýetinde amaly-haşam sungatynyň ösmegi we saklanyp galmagy üçin şertleri döretmegi maksat edindi.
07.08.2024
6012
Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsi barada täze kitaplar neşir edildi
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda täze kitaplar neşir edildi.
06.08.2024
5842
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Du Fu
Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze «Magtymguly Pyragy» atly medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy.
05.08.2024
5747
Magtymguly Pyragynyň şygyrlary – terbiýäniň gözbaşy
Mary welaýat kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!» atly çäre geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäher geňeşiniň we welaýat kitaphanasynyň guran duşuşygyna guramanyň işjeňleri hem-de kitaphananyň işgärleri gatnaşdylar.
01.08.2024
5902
Daşkent şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desseleri goýuldy
2024-nji ýylyň 1-nji awgustynda Daşkent şäherinde Dostluk hepdeliginiň çäklerinde Özbegistanyň paýtagtynyň Magtymguly köçesinde ýerleşýän Gündogaryň beýik akyldary, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi.
01.08.2024
7524
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde gadymy arap golýazmalaryň sergisi açyldy
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Asyrlaryň dowamynda iki mukaddes metjitler, golýazmalaryň gözelligi we olaryň has seýrek duş gelýänleri» atly arap dilinde ýazylan gadymy golýazmalaryň sergisi açyldy.
01.08.2024
8470
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi we sungaty ösdürmek, ony has-da kämilleşdirmek hem-de bu ugra zehinli ýaşlary giňden çekmek barada durmuşa geçirilýän bimöçber işler ýaş nesliň kalbynda halkymyzyň köklerini gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan aýdym-saz sungatyna söýgi hem buýsanç duýgularyny artdyrýar.