Medeniýet
22.08.2024
5799
Kitap sergisi Eýranyň taryhy we medeniýeti bilen tanyşdyrýar
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň daşary ýurt edebiýaty bölüminde «Dünýä döwletleri: Eýran» atly kitap sergisi guraldy. Onda okyjyny goňşy döwletiň gadymy taryhy, baý medeniýeti, däp-dessurlary we çeper edebiýaty bilen tanyşdyrýan kitaplar goýlupdyr.
20.08.2024
7708
Teatr möwsümi «Pähimdar» spektaklynyň ilkinji görkezilişi bilen açylar
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry teatr möwsümini bir aktýoryň ýerine ýetirýän «Pähimdar» atly sahna oýny bilen açmaklyga taýýarlanýar.
20.08.2024
6558
Türkmen sazandalary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan konserte gatnaşmak üçin Moskwa geldiler
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly konserte gatnaşmak üçin Türkmenistandan Moskwa gelen sazandalar taýýarlanyp başladylar.
19.08.2024
6668
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Änewiň taryhy barada duşuşyk geçirildi
Gadymy Änew şäheriniň Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreler meýilnamasynyň çäginde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Änew medeniýetiniň sungatdaky keşbi» mowzugynda «Tegelek stol» geçirildi.
17.08.2024
7334
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Kurmangazy Sagyrbaýuly
Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy.
16.08.2024
7923
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda giňden bellenilýän şanly seneler, milli baýramçylyklar, halkara derejeli çäreler medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir.
16.08.2024
6255
Daşoguz welaýatynyň döredijilik toparlary «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» bäsleşigine gatnaşdy
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ýurduň halk teatrlarynyň arasynda geçirilýän «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» döredijilik bäsleşiginiň welaýat boýunça göçme çykyşlary Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky sazly drama teatrynda we Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda geçirildi.
16.08.2024
12351
Magtymguly Pyragynyň şygyrlary – öwüt-ündew hazynasy
Şeýle at bilen Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň hem-de Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramaklarynda hem-de döredijilik, medeniýet, bilim işgärleriniň gatnaşmaklarynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen maslahat çuňňur many-mazmuna eýe boldy.
16.08.2024
5742
Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan çäre gurady
2024-nji ýylyň 14-nji awgustynda Belarusyň Daşary ýurtlar bilen dostluk we medeni gatnaşyklar jemgyýetiniň – Dostluk öýüniň binasynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.
16.08.2024
5841
Döredijilik duşuşygy Magtymguly Pyragynyň şygryýetine bagyşlanýar
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde taýýarlan «Magtymguly Pyragy – türkmeniň ruhy dünýäsiniň çeper keşbi» atly döredijilik duşuşygy bolup geçdi.