Ï Täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri gyzgalaňly dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri gyzgalaňly dowam edýär

view-icon 56
Täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri gyzgalaňly dowam edýär

Ýurdumyzyň Gündogar sebitinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 1-nji sentýabrynda dabaraly bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe hem-de täze okuw ýylyna taýýarlykly barmak maksady bilen diňe bir bilim edaralarynda däl, eýsem, ilatyň üpjünçiligi bilen baglanyşykly beýleki edara-kärhanalarda hem degişli işler alnyp barylýar.

Oňa Lebap welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň sebitiň ähli künjeginde ýaýbaňlandyran mekdep bazarlaryny mysal getirmek bolar. Bu birleşik tarapyndan 1-nji awgustdan 5-nji sentýabr aralygynda hereket etjek söwda nokatlarynyň 70-den gowragy häzirki wagtda alyjylara hyzmat edýär. Olaryň 40-a golaýy welaýatyň çäginde ýerleşýän bazarlarda, beýlekileri bolsa dükanlaryň ýanaşyk ýerlerinde ýerleşýär. Mekdep bazarlarynda ýurdumyzyň orta bilim berýän mekdeplerinde okaýan ýaş nesiller üçin okuw esbaplarynyň dürli görnüşleri, okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna görä mekdep lybaslary alyjylara hödürlenýär.

Bu söwda nokatlarynda okuwçylaryň okuw derslerinden daşary dürli döredijilik ugurlary bilen meşgullanmagy üçin esbaplaryň bardygyny, olary söwda nokatlaryna gelýänleriň höwes bilen satyn alýandyklaryny bellemek bolar. Mekdep bazarlarynyň ýene-de bir aýratynlygy bu ýerlerde ýaş nesillere hödürlenýän okuw esbaplarynyň hem-de mekdep lybaslarynyň aglabasynyň öz ýurdumyzda öndürilýän önümler bolmagydyr. Bu bolsa milli ýörelgelerimize laýyklygy hem-de önümleriň hil derejesiniň ýokarylygyny üpjün edýär.

Lebap welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşigine degişli söwda nokatlaryndan başga-da «Lebap» döwlet lomaý bölek söwda firmasy tarapyndan hem okuw esbaplarynyň we mekdep lybaslarynyň ähli görnüşlerini öz içine alýan söwda nokatlarynyň 10 sanysynyň döredilendigini, olaryň 6-synyň welaýat merkezindäki bazarlarda, 2-siniň Seýdi we 2 sanysynyň hem Magdanly şäherlerinde ýerleşýändigini belläp geçmek bolar. Şeýle hem Türkmenabat şäheriniň çäginde we welaýatyň etrapdyr şäherlerinde ýerleşýän bazarlarda we hususyýetçilige degişli dükanlarda hem okuw esbaplarynyň dürli görnüşleri alyjylara hödürlenýär. Häzirki wagtda mekdep bazarlaryna we okuw esbaplary hem-de mekdep lybaslary satylýan dükanlara gelýänleriň yzy üzülmeýär. Bu bolsa 1-nji sentýabrda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerine ýaş nesilleriň doly taýýarlykly, buýsanç bilen gadam basjakdyklaryna şaýatlyk edýär.