Medeniýet
12.06.2024
4488
Kiýew şäherindе Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmen sährasynyň mukamy» ady bilen çäreler geçirildi
2024-nji ýylyň 10-njy iýunynda Kiýewiň Magtymguly adyndaky kitaphanasynda çeperçilik işleri boýunça geçirilen çäräniň jemleri jemlendi we «Türkmen sährasynyň mukamy» ady bilen XVIII asyryň görnükli türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi esasynda çekilen suratlaryň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.
11.06.2024
5610
Türkmenistanly suratkeşler «Türki dünýäsiniň zenanlar älemi» atly sergisine gatnaşdylar
Gyrgyzystanyň Bişkek şäherindäki Gapar Aýtiýew adyndaky Milli şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen «Türki dünýäsiniň zenanlar älemi» atly sergisinde Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Türkiýeden we Türkmenistandan sungat işgärleriniň iň gowy döredijilik eserleri görkezildi.
11.06.2024
4521
Ylym özgerişler ýolunda möhüm ugurdyr
Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde şeýle at bilen sergi açyldy. Sergi iki bölümden ybarat. Birinjisi taryh we arheologiýa ylymlaryna bagyşlanýar.
10.06.2024
5368
Disneýiň 100 ýyllygyna bagyşlanan jadyly agşam
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Disneýiň multfilmlerinden düzülen saz agşamy şowly geçdi. Zala ýygnanan tomaşaçylaryň ýarsy çaga bolsa, beýleki ýarsy olaryň ene-atalarydy, şonuň üçinem ol çagalaryň we ulularyň isleglerine doly gabat gelýän konsert boldy.
10.06.2024
6333
Balkan welaýatynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň welaýat derejesindäki jemleýji tapgyry geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, ony döwrebap derejede kämilleşdirmek, bu ugra zehinli ýaşlary giňden çekmek maksady bilen, eziz Diýarymyzda çäksiz möçberli täsirli çäreler durmuşa geçirilýär. Munuň özi, ýaş nesliň kalbynda halkymyzyň köklerini gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan aýdym-saz sungatyna bolan höweslerini, söýgi-buýsançlaryny has-da artdyrýar.
10.06.2024
4929
Medeniýet hepdeligine bagyşlanan sergi
Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde iýun aýynyň 3-nji ongünlüginde dünýäniň iň kämil innowasion tehnologiýalary ornaşdyrylan Arkadag şäherinde geçiriljek medeniýet hepdeligine, şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet we sungat ruhubelentligiň çeşmesi» atly giň göwrümli sergi öz işine başlady.
07.06.2024
5866
Bişkekde geçiriljek kinofestiwalyň bäsleşik maksatnamasynda Türkmenistandan film görkeziler
Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde 11–15-nji iýun aralygynda Bişkek II halkara kinofestiwaly geçiriler.
07.06.2024
10350
Akwarel suratlaryň sergisi
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen suratkeşleriniň akwarel suratlarynyň sergisi açyldy.
07.06.2024
6095
Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň şygryýetine bagyşlanan söhbetdeşlik geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Kitap hazynanyň dürler dänesi, Magtymguly Pyragynyň şygyr ummany» atly söhbetdeşlik geçirildi. Ol Ylmy habar beriş we sowal-jogap, Patent we tehniki gözegçilik bölümleri tarapyndan guraldy.
07.06.2024
4809
Bäsleşikde zehinli zergärler öňe saýlandylar
Tutuş Diýarymyzda bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda guralýan dürli derejeli çärelerdir dabaralar barha giň gerime eýe bolýar.