Sport
26.05.2021
10867
Türkmen talyplary Kazanda geçirilen spartakiadada baýrakly ýeri eýelediler
Kazanda (Russiýa Federasiýasy) Tatarystan Respublikasyndaky daşary ýurtly talyplar üçin “Halklaryň dostlugy – 2021” atly spartakiada geçirildi. Ol sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary öz içine aldy. Bu barada Türkmenistanyň Baş konsullygynyň saýtynda habar berilýär.
24.05.2021
9729
Türkmen ştangaçylary Daşkentde geçýän ýetginjekleriň dünýä çempionatynda medal ugrunda güýç synanyşarlar
23-nji maýda Daşkentde başlanan agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatyna Türkmenistandan bäş türgen gatnaşar. Bu barada biziň habarçymyza Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde habar berdiler.
21.05.2021
10457
Çalt oýnalýan küşt oýny boýunça Aşgabadyň açyk onlaýn-çempionatynyň ýeňijileri kesgitlenildi
Türkmenistanyň Küşt Federasiýasynyň türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygyna bagyşlap küşt-şaşka mekdebinde guran Aşgabat şäheriniň açyk onlaýn-çempionaty tamamlandy. Bu ýaryşa wideoaragatnaşyk arkaly ýurduň welaýatlaryndan, şeýle-de Türkiýede, Russiýa Federasiýasynda, Belorussiýada we BAE-de okaýan türkmen talyplaryndan jemi 140 küştçi gatnaşdy. Oňa gatnaşanlaryň arasynda birnäçe halkara bäsleşikleriniň ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelän türgenler hem bar.
19.05.2021
7663
Aşgabatda uly tennis boýunça ýaryş geçirilýär
Köpugurly “Aşgabat” stadionynyň tennis meýdançalarynda uly tennis boýunça ýurduň çempionaty başlandy we ol Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanýar.
14.05.2021
6747
AFK -2021 Kubogynyň ilkinji duşuşygynda «Hujandyň» garşysyna «Аltyn asyryň» dokuz oýunçysy oýnady
Aşgabadyň «Аltyn asyry» AFK -2021 Kubogynyň «F» tapgyrynda geçiren ilkinji duşuşygynda Täjigistanyň «Hujant» topary bilen deňe-deň oýnady. Türkmenistanyň çempionynyň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew 15-nji и 44-nji minutlarda garşydaşlarynyň derwezesine iki pökgi geçirdi.
12.05.2021
4676
«Altyn asyr» we «Ahal» AFK-2021 Kubogy ugrunda ýaryşa gatnaşarlar
«Altyn asyr» we «Ahal» türkmen futbol toparlary 14-nji maýdan 20-nji maý aralygynda merkezleşdirilen görnüşde Täjigistanda we Gyrgyzystanda geçiriljek AFK-2021 Kubogy ugrundaky ýaryşyň toparlaýyn tapgyryna gatnaşmaga gitdiler.
10.05.2021
5461
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi haýyr-sahawat çäresini geçirdiler
Paýtagtyň we welaýatlaryň sport mekdepleriniň okuwçylaryna futbol toplarydyr ýörite sowgatlar gowşuryldy. Bu haýyr-sahawat çäresini ösüp barýan ýaş nesliň arasynda futboly wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilelikde guradylar.
09.05.2021
4420
Türkmen ştangaçylarynyň sekizisi ýetginjekleriň arasynda dünýä çempionatyna gatnaşjaklaryň sanawyna girizildi
Türkmen ştangaçylarynyň sekizisi agyr atletika boýunça 23–31-nji maýda ýetginjekleriň arasynda Daşkentde geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşjaklaryň sanawyna girizildi. Bu barada Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň (IWF) saýtynda habar berilýär.
03.05.2021
4971
Eýranly tennisçiler Aşgabatda geçiriljek Dewis Kubogynyň sebitleýin ýaryşyna gatnaşmaga taýýarlanýarlar
Eýran Yslam respublikasynyň Tennis federasiýasy Aziýa we Okeaniýa zolagynyň 4-nji toparynyň Dewis Kubogynyň saýlama bäsleşigine gatnaşmagyň çäginde milli toparyň düzülmegine girişilendigi we ilkinji ýygnanyşyga başlandygy barada habar berdi.
24.04.2021
11049
Aýsoltan Toýçyýewa – agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň baýragyna mynasyp boldy
Marydan sport ussady Aýsoltan Toýçyýewa Daşkentde geçirilýän Aziýa çempionatynda silterläp we iki synanşygyň jemi boýunça bürünç medallaryň ikisini eýeledi. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ikram Mätkarimowyň 24 ýaşly şägirdi olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girmeýän 81 kg çenli agramda şeýle netije gazandy, bu agram derejesinde 7 ýurtdan 8 türgen baýrakly orunlar ugrunda bäsleşdi.