Wakalaryň jümmüşinde
27.11.2021
2875
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi
27-nji noýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza iki günlük döwlet sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi.
27.11.2021
6241
Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlady
Şu gün Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza iki günlük döwlet sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi.
26.11.2021
5996
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
26.11.2021
4005
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Watan goragçylarynyň güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreler, şanly sene mynasybetli has tapawutlanan harby gullukçylary döwlet sylaglary bilen sylaglamak babatda taýýarlanylan teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.
26.11.2021
3132
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi.
26.11.2021
3014
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Kemerowo oblastynyň “Listwýažnaýa” şahtasynda bolup geçen pajygaly hadysanyň adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny ýollady.
24.11.2021
7005
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika hem-de ykdysadyýet we maliýe toplumlaryna degişli meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, ugurdaş düzümleriň käbir ýolbaşçylary gatnaşdylar.
22.11.2021
5341
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.
20.11.2021
4657
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adaty endigine eýerip, säher bilen irki bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi hem-de paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde bolup, egindeşleri bilen sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullandy.
19.11.2021
9534
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” oteliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpugurly işewürlik merkezli kaşaň “Garagum” oteliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu desga türkmen paýtagtynyň ajaýyp künjekleriniň birine öwrüldi.