Wakalaryň jümmüşinde
25.08.2021
5178
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň alyp barýan işleriniň netijelerine we bu ugurda öňde durýan ilkinji derejeli wezipelere garaldy. Mejlise hökümet agzalary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.
24.08.2021
6701
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenen hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkony kabul etdi.
23.08.2021
4206
Türkmenistanyň Prezidenti Nikaragua Respublikasynyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň we Hökümetiň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Nikaragua Respublikasynyň Prezidenti Hose Daniel Ortega Saawedra we ýurduň ähli halkyna iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
23.08.2021
4247
Türkmenistanyň Prezidenti Kolumbiýa Respublikasynyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Kolumbiýa Respublikasynyň Prezidenti Iwan Duke Markese we ýurduň ähli halkyna iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
23.08.2021
4384
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Moldowa Respublikasynyň Prezidenti hanym Maýa Sandua hem-de onuň üsti bilen ýurduň ähli dostlukly halkyna Moldowa Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.
23.08.2021
5569
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministrini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň we Hökümetiň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Ismail Sabri Ýaakoba Malaýziýanyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli gutlaglaryny iberdi.
23.08.2021
11177
Döwlet Baştutanymyz Mary welaýatynda ägirt uly “Galkynyş” gaz känindäki nobatdaky guýularyň hem-de täze binanyň gurluşygyna badalga berdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda iri “Galkynyş” gaz känine baryp gördi we bu ýerde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan çäreleriň çäklerinde täze guýularyň gurluşygyna badalga berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebitde ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda köpçülikleýin dabaralary geçirmek üçin niýetlenen binanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
21.08.2021
2876
Döwet Baştutanymyz Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş eden Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny gutlady
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara sport giňişligindäki abraýynyň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýän şanly waka — Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda türkmen sportunyň taryhyndaky ilkinji Olimpiýa medalynyň gazanylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
20.08.2021
4809
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşy bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
15.08.2021
4337
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Türkiýäniň Kastamonu, Sinop we Bartyn welaýatlarynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren güýçli suw joşgunlary zerarly gynanç hatyny iberdi.