Ykdysadyýet
31.10.2021
4905
Ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişi tamamlandy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli berýän goldawlarynyň hem-de netijeli zähmet çekmek we oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin döredilýän şertleriň netijesinde ýurdumyzyň ekerançylary güýzlük bugdaý ekmek üçin bölünip berlen 690 müň gektar meýdanda bugdaý ekişini doly tamamladylar. Bu barada geçen hepdede Lebap, Ahal, Mary, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary buýsanç bilen hasabat berdiler.
31.10.2021
15699
Sarymsak ekinine ideg işleri dowam edýär
Türkmen topragy keremli hem-de bereketli toprak. Bu ýerde bitýän gök-bakja hem-de miwe önümleri özüniň tagamlylygy, ýokumlylygy, şonuň bilen birlikde hem bejerijilik häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Şeýle ösümlikleriň biri hem halk lukmançylygynda giňden ulanylýan, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopediki kitabynda ady tutulýan we melhemlik häsiýetleri doly açylyp görkezilýän sarymsakdyr.
30.10.2021
14355
Türkmen gök önümleri GDA-nyň bazarlarynda
Türkmenistanyň oba hojalyk öndürijileri şitilhana pomidorlarynyň eksportyny iki esse artdyrdy. Türkmen eksportçylarynyň önümleri Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Owganystanda üstünlikli ýerlenýär. Şitilhana pomidorlarynyň aglaba bölegi, 32 müň tonnadan gowragy Russiýa Federasiýasyna iberildi. Bu, Türkmenistana Russiýa Federasiýasynda şitilhana pomidorlaryny iň köp üpjün edijiler sanawynda 4-nji orny eýelemäge mümkinçilik berdi.
29.10.2021
6191
Balkan welaýatynda güýzlük bugdaý ekişi tamamlandy
Balkan welaýatynyň gallaçy daýhanlary ekiş möwsümini tamamladylar. Bu sebitde geljek ýylyň hasyly üçin 50 müň gektar ýerden 80 müň tonna bugdaý ýygnap almak meýilleşdirilýär.
28.10.2021
5954
Mary welaýatynyň gallaçylary güýzlük bugdaý ekişini tamamladylar
Mary welaýatynyň ekerançylary güýzlük bugdaý ekişini üstünlikli tamamladylar. Welaýat boýunça ekiş geçirilen 170 müň gektar meýdandan 345 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.
27.10.2021
12345
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahat
Şu gün Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahat öz işine başlady. Maslahat “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we “Türkmengeologiýa” korporasiýasy tarapyndan hem-de “GaffneyCline” britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guraldy.
27.10.2021
6246
Ahal welaýatynda ak bugdaýyň ekişi üstünlikli tamamlandy
Ahal welaýatynyň gallaçylary güýzlük bugdaý ekişini bellenen möhletde tamamladylar. Ekerançylaryň tutanýerli zähmeti netijesinde, welaýatda 195 müň gektar ýere bugdaý ekildi.
27.10.2021
7975
«Täze saba» HJ-nyň şahsy gigiýena üçin önümi
«Täze saba» hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky döwrebap önümçilginde diş çotgalaryny öndürip başlady. Önümçiligiň ähli tapgyry doly awmotlaşdyrylan zawodda her minutda 25 çotga çykarylýar.
26.10.2021
4512
Lebap welaýatynda bugdaý ekişi üstünlikli tamamlandy
Lebap welaýatynyň zähmetsöýer ekerançylary ýurdumyzda ilkinji bolup, güýzlük bugdaý ekişiniň üstünlikli tamamlanandygy barada hasabat berdiler. Şu ýyl welaýatda 130 müň gektar meýdana bugdaý ekildi.
26.10.2021
11030
«Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy» – halkara seminaryň esasy temasy
Energetika diplomatiýasynyň strategiýalaryny işläp taýýarlamakda we ilerletmekde öňdebaryjy halkara tejribesi – 2021-nji ýylyň 21-22-nji oktýabrynda ÝHHG-nyň guran onlaýn-seminarynyň üns merkezinde boldy.