Ykdysadyýet
09.04.2021
4257
Täze dokma toplumy üçin innowasiýa enjamy
Kaka etrabynda «Cotam Enterprises Ltd.» türk kompaniýasy tarapyndan gurulýan dokma toplumy häzirkizaman täze tehnologiki enjamlar bilen abzallaşdyrylýar. Egriji bölümde hünärmenler K 46 Rieter kysymly egriji maşynlaryň 13-sini gurnadylar.
08.04.2021
5045
Türkmen Önüm öndürijileriniň we telekeçileriniň maslahaty
Şu gün “Türkmendemirýollary” agentliginiň edara binasynda maýa goýum forumy öz işine başlady. Oňa ýurdumyzyň önüm öndürijileridir telekeçileri, ulag we kommunikasiýa toplumynyň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
07.04.2021
7527
Oba hojalygynda bazar gatnaşyklary: sebitleýin nazarýet
Ähli welaýatlarda bolşy ýaly ýurdumyzyň demirgazygynda-da oba hojalyk önümçiligini özleşdirýän hususy öndürijileriň sany artýar. Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan 99 ýyl möhlet bilen berilýän meýdanlary alýan şahsy we edara görnüşli taraplar barha köpelýär.
05.04.2021
7284
Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň maliýe durnuklylygyny goldamak – wideoaragatnaşygyň temasy
2021-nji ýylyň 5-nji aprelide Bütindünýä banky we Halkara Pul Gaznasy tarapyndan her ýylda geçirilýän ýazky maslahatlaryň çäklerinde Halkara Pul Gaznasynyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Departamentiniň guramagynda Kawkaz, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Merkezi Banklarynyň we Maliýe ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly däp bolan kollegial pikir alyşmalary gurady.
03.04.2021
4611
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy.
02.04.2021
2591
Маry welaýatynda 30 müň gektardan gowrak meýdanda gowaça ekildi
Mary welaýatynyň ekin meýdanalarynda köpçülikleýin gowaça ekişine girişildi. Häzirki günler Türkmenistanyň günortasynda ekiş üçin iň gowy döwür hasaplanýar. Bu ýyl gowaça ekilmeli 180 müň gektaryň esasy meýdanlarynda 20-nji aprele çenli ekişi tamamlamak göz öňünde tutulýar. Bu möhlet ekiş işleriniň meýilnamasynyň esasyny düzdi. Şoňa laýyklykda pagta zawodlaryndan gowaça çigidini saýlap almak, hojalyklara eltip bermek, ekiş tehnikasyny ýangyç-çalgy ýaglary bilen üpjün etmegiň iş tertibi kesgitlendi.
31.03.2021
3267
Daşoguzly ekerançylar gowaça ekişine girişdiler
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan tertipnamasyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň ekerançylary gowaça ekişine girişdiler. Bu ýerde howa şertlerine görä, gowaça ekişi ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz giç başlanýar.
28.03.2021
4396
«Derýaplastik» HJ elektrik suw gyzdyryjylary çykarmagy özleşdirdi
«Derýaplastik» hojalyk jemgyýeti elektrik boýlerleriň önümçiligini özleşdirdi. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda jaşaýyş jaýlary üçin suw gyzdyryjylaryň 400 müňüsini çykarmaga niýetlenen kärhana işe girizildi.
27.03.2021
3457
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
24.03.2021
13225
Türkmenistanda gowaça ekişine girişildi
Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 19-njy martda geçiren mejlisinde tassyklan tertipnamasyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine 24-nji martda girişdiler. Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bolsa 31-nji martda ekişe başlarlar.