Ykdysadyýet
23.04.2021
3498
Türkmenistan Russiýanyň we Eýranyň arasynda synag ýük daşalşyna gatnaşyp biler
Russiýa (Astrahan porty) bilen Eýranyň arasynda konteýner gatnawy synag ediler. Bu barada «Особая экономическая зона «ЛОТОС» PJ-nyň habarlar, analitika we PR bölüminiň ýolbaşçysy Tatýana Karimowa «Halkara import we eksport güni » sergi-forumynyň çäklerinde aýtdy.
23.04.2021
8020
Saglyga haýyrly gök önümler ýa-da ekarançylygyň geljegi uly ugry
Türkmen halkynyň ekarançylygynda peýdaly sypatlary bolan gök ekinleri ýetişdirmek möhüm orun tutýar. Gyzyl ýa-da gyrmyzy redis bilen birlikde turp hem Daşoguz welaýatynyň ilatynyň melleklerinde ýetişdirlýän ekin. Kelemler maşgalasyna degişli bu ekini ýerli ilat düzüminde witaminleriň we mikroelementleriň köplügi, şeýle hem uzak saklanylýanlygy üçin gowy görýär.
20.04.2021
4832
Türkmenbaşy we Baku portlarynyň arasyndaky ýük daşalşynyň möçberi artdy
Şu ýylyň birinji çärýeginde Türkmenbaşy we Baku portlarynyň arasyndaky ýük daşalşynyň möçberi artdy. Bu barada Report saýty «Бакинский международный морской торговый порт» («Bakuwyň halkara deňiz söwda porty») ÝPJ-ne salgylanyp habar berýär.
17.04.2021
4084
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.
16.04.2021
5655
Daşoguz welaýatynda gowaça ekişi ýokary depginde dowam edýär
Ýurduň demirgazygynda milli ykdysadyýetimiz üçin strategiki çig mal hasaplanýan oba hojalyk önümlerini ekmegiň depgini barha güýjeýär. Ýerli howa şertleri boýunça ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden ekişiň bu ýerde giç başlaýandgyna garamazdan, Daşoguz welaýaynyň daýhanlary möwsümi öz wagtynda tamamlamagy maksat edinýärler
11.04.2021
3832
Mary welaýatynda gowaça ekişi dowam edýär
Mary welaýatynyň oba hojalyk toplumlary gowaça ekişiniň iň jogapkärli möwsüminiň deň ýarysyndan üstünlikli geçdiler. Bu sebitde strategiki oba hojalyk ekini üçin bölünip berlen 180 müň gektaryň 90 müň gektarynda eýýäm topraga tohum taşlandy. Welaýatyň ähli etraplarynda maýyl we gurak howanyň dowam etmegi bu wajyp möwsümiň şowly alnyp barylmagyna amatly şert döredýär.
10.04.2021
3528
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.
10.04.2021
4387
Daşoguz welaýatynda ýeralma we sogan ekildi
Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň daýhanlary ýurdumyzyň demirgazygynda ýeralma ekmek boýunça oba hojalyk işlerini ilkinji bolup tamamladylar. Bu etrap welaýat boýunça hasylyň iň köp öndürilýän ýeridir. Şu ýyl bu ýerde 950 gektara ýeralma ekildi.
09.04.2021
5533
Elde tikilýän aýakgaplar: telekeçilik we owadanlyk
Lebap welaýatynyň Kerki etrabyndan telekeçi Arslan Möwlamowyň aýakgap ussahanasynda erkek, aýal we çaga köwüşleriniň 170 görnüşi tikilýär.
09.04.2021
3649
Lebap täzelikleri: ýüpek pile önümçiligi we esasy gazgeçirijiniň gurluşygy
Amyderýanyň jülgesinde ýüpek gurçugyny iýmitendirmek başlandy. Ýüpek gurçugynyň tohumy günorta-gündogar– Köýtendag, Hojambaz, Kerki we Halaç etraplaryna ilki paýlandy. Bu künjegiň amatly howa şertleri ýüpekçilik möwsümine guramaçylykly girişmäge mümkinçilik döretdi.