Mary welaýatynda gowaça ekişi dowam edýär

eye
890
Mary welaýatynda gowaça ekişi dowam edýär

Mary welaýatynyň oba hojalyk toplumlary gowaça ekişiniň iň jogapkärli möwsüminiň deň ýarysyndan üstünlikli geçdiler. Bu sebitde strategiki oba hojalyk ekini üçin bölünip berlen 180 müň gektaryň 90 müň gektarynda eýýäm topraga tohum taşlandy. Welaýatyň ähli etraplarynda maýyl we gurak howanyň dowam etmegi bu wajyp möwsümiň şowly alnyp barylmagyna amatly şert döredýär.

Agrotehniki gulluklar tarapyndan gowaça ekmek işleri berk gözegçilikde saklanýar. Bu durnukly-ýokary hasyl almagyň we çig malyň hilini gowulandyrmak wezipesini çözmegiň düýp esasydyr. Welaýatyň pagta arassalaýjy zawodlary işiň ahyrky netijesine öz önjeýli goşantlaryny goşýarlar.

Häzirki günlerde hojalyklar tohum arassalaýjylar tarapyndan ekmäge taýynlanan gabyksyz çigitleri saýlap-seçmäge girişdiler. Olar üçin öňünden meýdanlarda joýalaryň gerşinde ýalpajyk keşler çekildi. Murgap jülgesiniň enjeme hojalyklarynda giňden ýaýran bu ýokary netijeli tehnologiýa boýunça 40 müň gektardan gowrak meýdana pagta ekiler.

Welaýatyň meýdanlarynda ekiş möwsümine taýýarlanan 500-e golaý ekijileriň 400-den köprägi işleýär. Her günki ösüş 5 müň gektar bolanlygyndan häzir 6 müňden gektardanam geçdi. Elbetde, bu hem iň soňky çäk däldir. Ekişiň depginini güýçlendirmek we ony talabalaýyk agrotehniki möhletlerde tamamlamak – sebitiň daýhanlary üçin ýerine ýetirilip bilinjek maksatdyr.

Wladimir FROLOW