Daşoguz welaýatynda gowaça ekişi ýokary depginde dowam edýär

eye
677
Daşoguz welaýatynda gowaça ekişi ýokary depginde dowam edýär

Ýurduň demirgazygynda milli ykdysadyýetimiz üçin strategiki çig mal hasaplanýan oba hojalyk önümlerini ekmegiň depgini barha güýjeýär. Ýerli howa şertleri boýunça ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden ekişiň bu ýerde giç başlaýandgyna garamazdan, Daşoguz welaýaynyň daýhanlary möwsümi öz wagtynda tamamlamagy maksat edinýärler

Welaýat boýunça pagtany köp öndürýän S.Türkmenbaşy etrabynda gowaça ekmek üçin bölünip berlen 32 müň 100 gektaryň eýýäm 16 müň gektarynda topraga tohum taşlandy. S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň «ak altyn» alynýan 21 müň gektar meýdanynyň eýýäm ýarysynda ekiş işleri tammlandy.

Agrotehniki çäreleriň wagtynda geçirilmegi, ähli gulluklaryň özara sazlaşykly işlemekleri we häzirkizaman oba hojalyk tehnikasynyň kuwwady bu agrotehniki çäreleriň wagtynda geçirilmegine mümkinçilik döredýär. Meselem, sebitde döredilen ekiş toparlaryna iki müňden gowrak traktorlar we oba hojalyk abzallaryň köp mukdary berkidildi. Şolaryň uly bölegini geçen ýylda Daşoguz welaýatyna gelip gowşan ýokary öndürijilikli «John Deere» kysymly traktorlar, «Monosem» kompaniýasynyň tohum taşlaýjy tehnikalary düzýär

Şu ýyl demirgazyk welaýatda jemi 155 müň gektara gowaça ekilmeli. Bu meýdanlarda ekmek üçin ýerli howa şertlerine we topraga uýgunlaşan ortasüýümli «Daşoguz-120», «Daşoguz-144», «Gubadag-3», «S-4727», «Jeýhun» we «149F» pagta sortlary saýlanyldy.

Daşoguz welaýatynyň beýleki etraplarynda-da gowaça ekişi ýokary depginde barýar. Bu ýerde häzirki wagtda eýýäm jemi 75 müň gektardan gowrak ýerde pagta ekildi.

Batyr ÖRÄÝEW