Ykdysadyýet
21.02.2021
3697
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 66-sy hasaba alyndy.
20.02.2021
28453
Garagum derýasynyň täze keşbi
Indi ýarym asyrdan gowrak wagt bäri ýurdumyzyň esasy gidrotehniki desgasynda emeli derýanyň geçirijilik mümkinçiligini artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Derýanyň aýagynda, Bereket şäheriniň töwereginde ýene bir suw howdany gurulýar. 18 million kub metre çenli suw saklamaga niýetlenen emeli howdan suwdan doldurylmaga taýýarlanylýar.
16.02.2021
5771
«Marytelekom» nyrhlary peseldýär
«Marytelekomyň» aragatnaşykçylary ýurdumyzyň Prezidentiniň başlangyjy bilen ýakynda internetden peýdalanmaga nyrhnamalaryň peseldilmegi kommunikasiýa enjamlarynyň kuwwatlygyny güýçlendirmek boýunça mundan beýläkki meýilnamalara düzediş girizmegi talap edýär diýip hasaplaýarlar.
15.02.2021
6294
Uly ähmiýetli ekin
Türkmenistanyň demirgazygynda ekilýän oba hojalyk ekinleriniň arasynda arpa möhüm orun tutýar. Şu ýyl Daşoguz welaýatynda arpa ekmek üçin bir müň gektar ýer bölünip berildi. Onuň dörtden bir bölegi S. Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýär, şeýle hem ony iri ýetişdiriji sebitler bolan Könürgenç we Akdepe etraplarynyň ekarançylary-da arpa ýetişdirmekde ýeterlik tejribe topladylar.
14.02.2021
7563
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 110-sy hasaba alyndy.
12.02.2021
2955
Täze ugurlar boýunça uçarly ýük daşalýar
«Türkmenistan «Awiakompaniýa» AGPJ Boing 777-200 LR kysymly uçarda yzygiderli göni ýük daşalyşyny ýola goýýar. Ilkinji uçuş şu ýylyň 26-njy fewralynda amala aşyrylar. Ol Hytaý Halk Respublikasy bilen Germaniýa Federatiw Respublikasyny arasynda hepdede bir gezek ýerine ýetiriler. Hepdäniň anna güni – Pekine, şenbe güni – Maýn boýundaky Frankfurta uçuşlar amala aşyrylar.
09.02.2021
11054
Daýhan hojalyklarynda kartoşka ekilýär
Ýurdumyzyň ekarançylary kartoşka ekişine girişdiler. Bu ekin üçin hojalyklara mes torpakly ýerlerden birnäçe müň gektar meýdan bölünip berildi. Lebap welaýatynyň hojalyklary amatly howa şertlerinden peýdalanyp, ilkinjileriň hatarynda ekişe başladylar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminde habar berişleri ýaly, Çärjew etrabyndan «Tebigy Ekin» daýhan hojalygy 420 gektardan gowrak, Dänew etrabyndan «Jadyly mukam» daýhan hojalygy 40 gektardan gowrak ýere kartoşka ekdiler. Saýat we Dänew etraplaryndan telekeçiler Babamyrat Döwranow bilen Nurmyrat Nuryýew bu ýokumly ekin ekmek üçin kyrk gektar ýeri taýýar edip goýdular.
08.02.2021
8738
Halyçylyk sungaty: täze döredijilik meýdançalary
Aşgabadyň çeper haly önümleri kärhanasynyň halyçylary ýanwar aýynda bir ýüz ýigrimi inedördül metr haly we haly önümlerini taýýarladylar. Paýtagtly halyçylar täze önümçilik kuwwatlyklaryny üstünlikli özleşdirýärler. Dik taralaryň ýigrimisinde 2,5 inedördül metrden 5 inedördül metre çenli düşeklik, on tarada bolsa – çeper pannolar, haly portretleri we manzarly halylar dokalýar. Taralaryň ýene ýedisi sowgatlyk haly önümleri üçin niýetlenendir.
08.02.2021
3425
Türkmenistan-Owganystan energiýa köprüsini çekmegiň möhüm tapgyry geçildi
Gurluşykçylar güýji 220 kW Türkmensitan-Owganystan elektrik geçirijisiniň iň möhüm desgalarynyň birinde işleri tamamladylar. Geljekki EGL tok berjek Mary DES-inde taslamanyň başlangyç nokady bolan açyk tok bölüji enjamy giňeltmek işleri tamamlandy. «TAP» kompaniýasy 260 kilometrlik ýokary woltly liniýanysyna maýa goýujydyr we onuň iş tabşyryjysydyr.