Ykdysadyýet
06.03.2021
4196
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.
06.03.2021
3416
Ýurdumyzyň demirgazygynda orta süýümli gowaça ekiler
Daşoguz welaýatynda gowaça ekişine on dokuz müň tonnadan gowrak ýokary hilli tohum taýýarlanyldy. Tohumlar tutuşlygyna degişli gulluklaryň laboratoriýalarynda gögerişi, klasy, sort arassalygy we beýleki görkezijiler boýunça bellenilen kadalara laýyklygyna barlaglardan geçirildi. Ýörüte dermanlanylmagy tohumlary kesellerden, zyýan beriji mör-möjeklerden we hapa-haşal otlardan gorar.
06.03.2021
4383
«Garagumderýagurluşyk» ÖB-nyň ygtyýaryna läbik sorujy täze enjamlar gelip gowuşdy
Ýurdumyzyň baş akabasynyň gurluşykçylary Amyderýanyň suwuny Garagum derýasynyň gözbaşyndan ygtybarly geçirmek wezipesine üstünlikli hötde gelýärler. «Garagumderýagurluşyk» Önümçilik birleşiginiň ygtyýaryna gelip gowşan täze t
04.03.2021
3574
Hazaryň kenarýaka zolagynyň ýataklary işlenilýär
«Türkmennebit» Döwlet konserniniň edaralary «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň hünärmenleriniň ýardam bermeginde Hazaryň kenarýaka zolagyndaky geljegi bolan «Demirgazyk Goturdepe» we «Uzyn ada» täze ýataklaryny senagat taýdan işe girizmek boýunça taslamany üstünlikli durmuşa geçirýärler.
04.03.2021
6535
Daşary ýurtlarda Türkmenistanda öndürilen joraplara isleg artýar
«Akar Tekstil» hojalyk jemgyýetiniň ýakyn wagtda jorap önümlerini iri eksport ediji bolmagy mümkin. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän kärhananyň arassa pagtadan we laýkra bilen garyşyk ýüplükden öndürýän erkek adamlaryň, zenan we çagalar joraplarynyň on bäş görnüşine ýurdumyzyň içinde-de, daşynda-da isleg uly.
02.03.2021
5078
Ýurdumyzyň demirgazygynda kartoşka ekişine taýýarlyk görülýär
Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda kartoşka ekmäge niýetlenen ýeriň üçden bir bölegine golaýynda hususy telekeçiler ekin ýetişdirerler. Munuň üçin olara «N.Andalyp» daýhan birleşiginde döredilen oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasyndan 350 gektar ýer bölünip berildi.
28.02.2021
4585
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy.
26.02.2021
4057
Tejribä daýanyp
Şu ýyl Daşoguz welaýatynda kösükli ekinleri we künji ekmek üçin dört müň gektardan gowrak meýdan bölünip berildi. Onuň aglaba bölegine – ýene-de üç müň ýedi ýüz gektar meýdana mäş ekiler.
25.02.2021
4983
Ýyllaryň synagyndan geçen
Marynyň «Ýeňiş» tikinçilik fabriginiň işgärleri öz işledýän enjamlarynyň ygtybarlydygyny, ýokary öndürijiliklidigini, hyzmatynyň ýeňildigini aýdýarlar. Muňa Ýaponiýanyň «Juki» firmasy bilen kyrk ýyllyk hyzmatdaşlyk esas berýär, erkek adamlaryň köýnegini çykarmak boýunça ýurdumyzda iň iri kärhananyň tikinçilik sehi bu firmanyň enjamlary bilen üpjün edilendir.
24.02.2021
3758
Tabşyryklar wagtynda ýerine ýetiriler
Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky ýurdumyzda iri çeper haly fabriginiň çeper elli ussatlarynyň ýüzlerçesi möhüm döwlet tabşyrygyny ýerine ýetirmäge girişdiler. Kärhanada TDH-nyň habarçysyna aýtmaklaryna görä, Lebap, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň dolandyryş merkezlerinde bina edilýän «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň içki bezegi üçin inçe el halylaryny dokamak işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar. Olar sebitleriň aýratynlyklaryna görä taýýarlanylýar.