Ýurdumyzyň baş akabasynyň gurluşykçylary Amyderýanyň suwuny Garagum derýasynyň gözbaşyndan ygtybarly geçirmek wezipesine üstünlikli hötde gelýärler. «Garagumderýagurluşyk» Önümçilik birleşiginiň ygtyýaryna gelip gowşan täze tehnikalar şu wezipäni çözmäge ýardam edýär.
Gidrogurluşykçylar üçin Niderlandlardan satyn alnan täze läbik sorujy enjmlaryň on ýedisi derýanyň hanasyny gyrmançalardan arassalamaga girişdi. Olaryň her biri sagatda 3,5 müň kub metr gyrmançadyr laý çykarmaga mümkinçilik berýär, munuň özi öňki enjamlaryň öndürijiliginden iki esse ýokarydyr.
-Soňky üç ýylda bize Niderlandlarda öndürilen läbik sorujy täze enjamlaryň 70-si gelip gowuşdy. Olaryň aglaba bölegi dizel ýangyjynda, üçden biri bolsa elektrik togunda işleýär – diýip, «Garagumderýagurluşyk» ÖB-nyň baş energetigi Omar Berdiýew gürrüň berýär.
«Elektrik energiýasynda işleýän läbik sorujy enjamlary netijeli ulanmak üçin energiýa üpjünçiligi güýçlendirildi: goşmaça transformator kiçi beketleri oturdyldy, elektrik geçiriji liniýalar çekildi. Täze läbik sorujylar – ýokary öndürijikli enjamlar. Olar kompýuter arkaly dolandyrylýar, ýörüte programma üpjünçiligi läbik çykarylyşynyň ähli tapgyrlaryna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Täze enjamlara hyzmat edýän türkmen hünärmenleri ýörüte okuw-türgenleşigini we iş tejribesini geçdiler» - diýip O. Berdiýew aýtdy.
«Garagumderýagurluşyk» Önümçilik birleşiginiň işgärleriniň sazlaşykly işi Amyderýadan suw alnyşyny ygtybarly kadalaşdyrmaga mümkinçilik berýär, onuň möçberi halkara ylalaşyklary bilen düzgünleşdirilendir.
Indi Amyderýanyň suwunyň derejesi pes bolanda-da, aýratynam güýz aýlary, gyrmança Garagum derýasyna guw gelşine päsgel bermez. Mundan başga-da, Garagum derýanyň gözbaşynyň arassalanmagy (Amyderýanyň läbik suwynyň derejesi käte bir kub metrde 3 kilograma çenli ýetýär) çägäniň kanalyň beýleki ýerlerine göçmegini azaldar we onuň uzaboýuna suw geçirijiligini ýokarlandyrar.
Wladimir FROLOW