Ykdysadyýet
15.06.2025
4062
Günbatar sebitde öndürilýän semente islegler has-da artýar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mahsus bolan düýpli özgertmeler milli ykdysadyýetiň ähli ulgamlardaky ösüşlerini şertlendirýär.
13.06.2025
1791
Daşoguz welaýatynyň gallaçylary üçin gyzgalaňly döwür
Daşoguz welaýatynda güýzlük galla oragy bu ýyl hem Görogly etrabynyň “Aksaraý” daýhan birleşiginde başlandy. Ilkinji bugdaý sümmülleri on iki gektar meýdanda oňat hasyl ýetişdirmegi başaran ýerli kärendeçi Nurgeldi Esenowyň meýdanynda oruldy.
13.06.2025
5177
Ýazlyk ýeralmanyň bol hasyly ýygnaldy
Lebap welaýatynyň zähmetsöýer daýhanlary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 1400 gektar ýerden 19 müň 600 tonnadan gowrak ýeralma ýygnap, bu baradaky döwlet meýilnamany artygy bilen amal etmegi başardylar. Munuň özi her gektaryň hasyllylygynyň 140 sentnerden aşandygyny aňladýar.
12.06.2025
4313
Marianna Miçeli Aşgabatda meşhur italýan lybaslaryny görkezdi
«Mad Mood Milano Fashion Week» atly Milanyň moda hepdeliginiň başlygy Marianna Miçeli «Mad Mood Milano» ýerligini görkezmek üçin, ilkinji gezek Türkmenistana geldi.
12.06.2025
5207
Aşgabat ýene-de moda senagatynyň merkezine öwrüldi
Aşgabatda «Turkmentextile Expo – 2025» halkara sergi-ýarmarkasynyň açylmagy bilen modaly lybaslaryň görkezilişi başlandy.
11.06.2025
5879
Aşgabatda “Turkmentextile Expo — 2025” atly halkara sergi-ýarmarka açyldy
Şu gün ýurdumyzyň dokma senagatynyň ösüşine we bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga bagyşlanan “Turkmentextile Expo — 2025” atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady. Giň gerimli sergi milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynyň mümkinçiliklerini, öňdebaryjy gazananlaryny, täze öndürýän önümlerini tanyşdyrmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge amatly şertleri döredýär.
11.06.2025
4034
Daşoguz we Balkan welaýatlarynda bugdaý oragy başlandy
Düýn ýurdumyzyň Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň bugdaý meýdanlarynda orak möwsümine badalga berildi. 29-njy maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň beren ak patasyndan ruhlanan ekerançylar ösdürilip ýetişdirilen bereketli bugdaý hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almagy maksat edinýärler.
10.06.2025
3382
Daşoguz welaýatynda elektrik desgalary döwrebaplaşdyrylýar
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň çäginde täze 220/110/35/10 kW elektrik bekediniň gurluşygy üçin meýdança taýýarlamaga girişildi. Täze bina Daşoguzda ýerleşýän döwlet elektrik bekedinden gelýän elektrik energiýasyny almak we üýtgetmek hem-de Köneürgenç etrabynyň dürli hojalyk desgalaryny, senagat we jemagat sarp edijilerine bölekleýin üpjün etmek üçin niýetlenendir.
08.06.2025
4789
Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri Tbilisi sebitleýin forumyna gatnaşdylar
2025-nji ýylyň 5-6-njy iýuny aralygynda geçirilen “Durnukly durmuş-ykdysady ösüşde parahatçylygyň orny” atly Durnukly ösüş boýunça Tbilisi sebitleýin forumyna Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri gatnaşdylar.
07.06.2025
4847
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG - Syýahatçylyk guramasynyň Ýewropa sebiti üçin Komissiýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 4-6-njy iýuny aralygynda Azerbaýjanyň Respublikasynyň Baku şäherinde BMG - Syýahatçylyk guramasynyň Ýewropa sebiti üçin Komissiýasynyň 71-nji mejlisi geçirildi.