Ï «Ak buludyň» ak buludyň belentligindäki netijeleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ak buludyň» ak buludyň belentligindäki netijeleri

view-icon 202
«Ak buludyň» ak buludyň belentligindäki netijeleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nurana ýyllary sahawatyny il-güne serpaý edip, ykballara röwüş, döwürlere dowamat berýär. Ýyllary şanly seneler, günleri beýik ýeňişler bilen bezeýän Berkarar Diýarymyz bolsa zamana zynat berip gurýar, döredýär, ösýär. Ýurdumyza döwletli-döwran bolup gelen 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny hem okgunly ösüşlere, rowaçlanýan beýik tutumlara beslemek ildeşlerimiziň baş maksadyna öwrülýär.

Ata Watanymyzyň binagärlik keşbini kesgitleýän başy göge, görki kalba uzaýan dürli maksatly desgalaryň, binalaryň hatarlary bolsa ýyllara gaýra dur diýdirýär. Dostana gollary dünýä uzaýan, parahat dünýäli, jebis jemgyýetli, kuwwatly döwletde ýetilýän belent sepgitler, bedew batly ösüşler, giň gerimli gurluşyklar raýatlarymyzyň bagtyýarlygyna öwrülýär. Elbetde, ýurtda gurluşyk işlerini bökdençsiz alyp barmak üçin ýeterlik mukdarda dürli görnüşli gurluşyk serişdeleri gerek. Bu mesele ýurdumyzda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler netijesinde takyk we sazlaşykly çözülendir.

Berkarar Diýarymyzda döwlet eýeçiligindäki kärhanalar bilen birlikde hususyýetçilige degişli dünýä ülňülerine laýyk gelýän gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhanalaryň sany barha artýar. Özüniň öndürýän ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäginden daşarda hem giňden tanalýan şeýle kärhanalaryň biri «Ak bulut» hojalyk jemgyýetidir. Bu hojalyk jemgyýetine degişli gurluşyk harytlaryny öndürýän zawodlaryň üçüsi bolup, olaryň biri Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Dostluk şäheriniň çäginde ýerleşýär.

Gurluşyk serişdeleriniň onlarça görnüşini öndürýän bu kärhananyň geçen ýyly ýokary görkezijiler bilen tamamlamagy işleriň göwnejaý guralandygyna şaýatlyk edýär. Kärhanada tamamlanan ýylyň dowamynda gurulýan binalaryňdyr desgalaryň diwarlaryny örtmek üçin ulanylýan gury garyndylaryň 60 müň tonnasy, asma petikleriň 4 million inedördül metri we 7 müň tonna sinklenen metal profilleri we aksessuarlary öndürilipdir. 350-ä golaý işçi-hünärmeniň zähmet çekýän bu hojalyk jemgyýetinde täze, ulanmak üçin amatlylygy, berkligi, çydamlylygy bilen tapawutlanýan önümleri öndürmek maksady bilen alnyp barylýan yzygiderli gözlegler özüniň aýdyň netijelerini berýär.

Kärhananyň hünärmenleri tarapyndan Köýtendagyň topragynyň, magdan we magdan däl daşlarynyň düzüminiň içgin öwrenilmegi we synag işleriniň geçirilmegi netijesinde geçen ýylda daşky diwar üçin gyzgynlygy we sowugy, çyglylygy hem-de sesi geçirmeýän «Boardline» diýlip atlandyrylýan täze gurluşyk serişdesiniň önümçiligi ýola goýuldy. Dürli tejribeler we synaglar netijesinde bu gurluşyk serişdesiniň fiziki häsiýetleri kesgitlenilip, onuň gurluşyk işlerinde netijeli ulanyp boljakdygy anyklanyldy. Ýurdumyzda howanyň tomsuna gurak, gyş aýlarynda hem çygly bolýandygyny hasaba alanyňda, bu gurluşyk serişdesiniň gurluşyk işlerinde ähmiýeti örän uludyr. Hut şonuň üçin hem bu önüme diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem isleg barha artýar.

Muňa mysal hökmünde kärhananyň täze önümi bolan «Boardline» gurluşyk serişdesiniň Türkiýe we Gruziýa döwletlerine ilkinji tapgyrynyň ugradylandygyny görkezip bileris. Bu önüme içerki we daşarky bazarda islegiň barha artýandygyny hasaba alyp, «Ak bulut» hojalyk jemgyýeti «Köýtendag» kän müdirligi bilen bilelikde Dostluk şäheriniň çäginde täze zawodyň gurluşygyny alnyp barýar. Häzirki wagtda bu desgada içki işler bilen birlikde dünýäniň iň kämil innowasion enjamlaryny oturtmak işleriniň utgaşykly alnyp barylýandygyny belläp geçmek möhümdir. Täze zawodyň işe girizilmegi bilen geljekde öndürilýän önümleriň görnüşi artar, hil derejesi ýokarlanar. Häzirki wagtda bu hojalyk jemgyýetiniň önümleri 8 döwlete iberilýän bolsa, bu görkezijini önümleriň täze görnüşlerini öndürmegiň, mukdarynyň hem-de hil derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň hasabyna has-da artdyrmak meýilleşdirilýär.