Ï Aşgabatda «Türkmentel – 2026» halkara sergisi we ylmy maslahat geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda «Türkmentel – 2026» halkara sergisi we ylmy maslahat geçiriler

view-icon 1
Aşgabatda «Türkmentel – 2026» halkara sergisi we ylmy maslahat geçiriler

Şu ýylyň 24 – 26-njy noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde «Türkmentel – 2026» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilişi ýaly, öňde boljak iri halkara çärelere 300-den gowrak halkara guramanyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekiliniň, şeýle hem 600-den gowrak wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýar.

«Türkmentel – 2026» halkara sergisiniň diwarlyklarynda sanly ykdysadyýet, emeli aň, kiberhowpsuzlyk, 5G tehnologiýalary we telekommunikasiýalar ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça öňdebaryjy innowasion çözgütler giňden görkeziler.

Çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşigi tarapyndan kiberhowpsuzlyk boýunça hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan «Emeli aň we innowasiýa bilen Türkmenistanyň sanly geljegini emele getirmek» atly kiberhowpsuzlyk babatda okuw maslahatlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler degişli ugurda özara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga hem-de öňdebaryjy halkara tejribeleri alyşmaga gönükdirilendir.

Işewürlik maksatnamasynyň möhüm wakalarynyň biri hem «Sanly çözgüt – 2026» atly innowasion bäsleşigiň jemlerini jemlemek we onuň ýeňijilerini dabaraly ýagdaýda sylaglamak bolar.

Aşgabatda «Türkmentel – 2026» atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň geçirilmegi täze sanly we telekommunikasiýa çözgütleriniň giňden ornaşdyrylmagyna, ylmy-tehniki ugurlaryň ösdürilmegine, şeýle hem ýokary tehnologiýalar ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam eder.