Ï Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli baýramçylyk söwdalary 5-nji dekabrdan başlanar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli baýramçylyk söwdalary 5-nji dekabrdan başlanar

view-icon 66
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli baýramçylyk söwdalary 5-nji dekabrdan başlanar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew söwda toplumy tarapyndan Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň 5-nji dekabryndan başlap ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýerleşýän söwda merkezlerinde, bazarlarda, dükanlarda baýramçylyk söwdalaryny guramak, göçme söwda nokatlaryny gurnamak göz öňünde tutulýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy bilen baglylykda, bazarlarda göçme söwda nokatlaryny gurnamagyň wajypdygyny aýtdy hem-de olary dürli görnüşli sowgatlyk harytlar bilen üpjün etmegi gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.