Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirip, onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H. Geldimyradow «GDA agza döwletleriň ulag baglanyşygyny berkitmekde zähmeti guramagy we kadalaşdyrmagy ösdürmegiň mümkinçilikleri» atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara maslahatyň esasy maksady ykdysadyýetleriň sanlylaşdyrylmagy we döwletleriň ulag-logistika taýdan özara baglanyşykly şertlerinde zähmeti kadalaşdyrmak babatda öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmakdan, zähmeti kadalaşdyrmak ulgamynda GDA ýurtlarynyň, guramalaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
Forumyň işine Azerbaýjanyň, Belarusuň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň degişli ygtyýarly we ulag edaralarynyň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň zähmeti kadalaşdyrmakda usulyýet, guramaçylyk-tehniki işlerini üpjün edýän binýatlyk guramalarynyň, döwletara statistika komitetiniň wekilleriniň, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmakda öňdebaryjy halkara tejribeden ugur almagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen guraljak maslahata gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.