16.12.2025
812
Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň mejlisi
Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň mejlisi geçirildi. Onda şu ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen mejlise türkmen we awstriýa tarapyndan toparyň agzalary gatnaşdylar.
16.12.2025
907
Türkmen alabaýynyň halkara ykrarnamasy
Şu gün Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyş dabarasy boldy.
16.12.2025
534
Türkmen suratkeşi Röwşen Annanyýazowyň ýadygärligine bagyşlanan sergi
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde suratkeş Röwşen Annanyýazowyň doglan gününiň 55 ýyllygyna bagyşlanan surat eserleriniň şahsy sergisi açyldy. Röwşen Annanyýazowyň ýakynlary onuň perişde ýaly päk, ýöne örän ejiz ýürekli bolandygyny aýdýarlar. Hut şu-da onuň wagtyndan öň aradan çykmagyna sebäp boldy.
16.12.2025
759
Türkmenistanly talyp ÝUNESKO-nyň halkara bäsleşigine gatnaşdy
Gonkongda ÝUNESKO-nyň dördünji halkara modeli (MUNESCO) geçirildi. Ol ÝUNESKO klublarynyň we assosiasiýalarynyň Bütindünýä federasiýasy (WFUCA) hem-de ÝUNESKO-nyň Gonkong assosiasiýasy (UHKA) tarapyndan Hytaý Bankynyň (Gonkong) goldawy bilen ýola goýuldy. Bu çärä 20-den gowrak ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan-da ýaş ýolbaşçylar gatnaşdylar.
16.12.2025
851
Türkmenistanyň DIM-de Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Bergeriň arasynda duşuşyk geçirildi.
16.12.2025
689
«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň futbol çempionatyndaky çykyşyny ýeňiş bilen jemledi
Türkmenistanyň Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilen futbol boýunça çempionatyndaky çykyşyny «Arkadag» topary ýeňiş bilen jemläp, jemleýji, 28-nji tapgyrda Balkanabat şäheriniñ «Nebitçi» toparyny 4:1 hasabynda ýeňdi.
16.12.2025
722
«Türkmen uniwersiteti» gazetiniň dekabrdaky sany okyjylara gowuşdy
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň her aýda çykýan «Türkmen uniwersiteti» gazetiniň dekabrdaky sany çapdan çykdy.
16.12.2025
843
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýän Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň (UNAOC) 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy.