Ï «Türkmen uniwersiteti» gazetiniň dekabrdaky sany okyjylara gowuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmen uniwersiteti» gazetiniň dekabrdaky sany okyjylara gowuşdy

view-icon 237
«Türkmen uniwersiteti» gazetiniň dekabrdaky sany okyjylara gowuşdy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň her aýda çykýan «Türkmen uniwersiteti» gazetiniň dekabrdaky sany çapdan çykdy.

Gazetiň täze sany täzelikleri, tamamlanyp barýan 2025-nji ýylda uniwersitetiň gazanan nobatdaky üstünliklerini beýan edýär. Okyjylar gazetiň sahypalaryndan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlarda geçirilen ylym-bilim, döredijilik, sport çäreleri barada maglumatlary alyp bilerler.

Gazetiň birinji sahypasy ýurdymyzyň baş baýramçylyk senesine – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de onuň taryhyna bagyşlanypdyr. Bular barada taryh ylymlarynyň kandidaty, uniwersitetiň jemgyýeti öwreniş kafedrasynyň dosenti Süleýman Süleýmanow öz makalasynda giňişleýin gürrüň berýär.

Gazetiň sahypalarynda daşary ýurtly hünärmenleriň gatnaşmagynda ýokary okuw mekdepde geçirilen bilim çäreleri barada gürrüň berilýär. Döwlet bäsleşiklerinde we halkara ders olimpiadalarynda talyp ýaşlaryň gazanan ýokary üstünlikleri barada buýsanç bilen habar berilýär.

Soňra Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleri tarapyndan ýokary okuw mekdebiň daşary ýurtly kärdeşleri bilen bilelikde halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde geçirilen duşuşyklara, okuwlara hem-de maslahatlara gysgaça syn berilýär.

Gazetiň täze sanyna milli göreşiň, žurnalistikanyň taryhyna bagyşlanan gyzykly makalalar, şeýle hem ýokary okuw mekdebiň zehinli talyplarynyň goşgulary we liriki oýlanmalary girizildi.

«Türkmen uniwersiteti» gazetiniň dekabrdaky sanyny «Sport we dünýä täzelikleri» atly makala jemleýär.

Gazetde goşmaça owadan suratlar ýerleşdirilip, okyjylar üçin beýan edilen makalalaryň many-mazmunyny has çuňňur açyp görkezýär.

Gyzyklanma bildirýän okyjylar üçin gazetiň täze sany Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň tdu.edu.tm resmi saýtynda elýeterlidir.