Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde «Türkmen-amerikan işewürler hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze mümkinçilikleri we geljegi» atly işewürlik maslahaty geçirildi.
Çärä iki ýurduň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary we işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Gepleşikleriň dowamynda türkmen telekeçileri birnäçe möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.
Şeýlelikde, ýangyç-energetika toplumynda taraplar degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmak, ekologiýa taýdan arassa, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem ählumumy howanyň üýtgemegi boýunça gün tertibine laýyk gelýän gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem ýokary tehnologiýalar we sanlylaşdyrma, şol sanda kiberhowpsuzlyk, aragatnaşyk we sanly infrastruktura ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Munuň bilen birlikde, türkmen tarapynyň amerikan kompaniýalary bilen enjamlary we «ýaşyl» gurluşyk tehnologiýalaryny getirmek boýunça hyzmatdaşlyga bolan gyzyklanmasy bellendi.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy temalarynyň biri gaýtadan işleýän senagat ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri boldy. Hususan-da, ýokary hilli, halkara standartlara laýyk gelýän azyk we dokma önümlerini öndürmek, olaryň eksport kuwwatyny artdyrmak we sarp ediş bazarlarynyň geografiýasyny giňeltmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyga we tejribe alyşmaga ymtylma bildirildi.
Öz gezeginde, amerikan tarapynyň wekilleri Türkmenistanda öndürilýän ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa azyk önümlerine, dokma we deri önümlerine ýokary baha berdiler. «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy tarapyndan öndürilýän lukmançylyk maksatly önümlere aýratyn gyzyklanma bildirildi.