Ï Deňiz amallarynyň howpsuzlygy üçin ygtybarly hyzmatdaş
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Deňiz amallarynyň howpsuzlygy üçin ygtybarly hyzmatdaş

view-icon 757
Deňiz amallarynyň howpsuzlygy üçin ygtybarly hyzmatdaş

«Russiýanyň deňiz gämi gatnawlarynyň registri» (RS) Federal awtonom edarasynyň Türkmenistandaky bölünip aýrylan kärhanasy «Türkmentel – 2025» atly XVIII halkara sergide we ylmy maslahatda, şeýle hem «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly halkara maslahatda we sergide dürli hyzmatlardyr iş ugurlarynyň sanawyny görkezdi.

Taryhy 1913-nji ýyldan başlaýan RS-niň baş müdirligi Sankt-Peterburgda ýerleşýär, onuň giň şahamça ulgamy bolsa Hytaýy, Günorta Koreýany, BAE-ni (Dubaý), Azerbaýjany we Gazagystany öz içine alýar. RS-niň esasy wezipesi deňizde ulanylýan ulag serişdeleriniň we desgalarynyň, şol sanda gämileriň we deňiz platformalarynyň howpsuzlygyna gözegçilik etmekdir.

RS-niň bölünip aýrylan kärhanasy Türkmenistanda 2012-nji ýyldan bäri depginli işleýär.

«Biziň edaramyz Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýär. Ýerli şahamça ýerli flota tehniki gözegçiligi amala aşyrýar we Türkmenistanda hem onuň deňiz pudagynda işleýän kompaniýalardyr kärhanalar bilen hyzmatdaşlyk edýär» diýip, kompaniýanyň wekili Söýünmämmet Mämmedow aýdýar. Biziň özboluşly hyzmatlarymyzyň biri-de önümçilik kärhanalary, logistik kompaniýalar, deňiz platformalary üçin dürli hyzmatlary amala aşyrýan barlaghanalara şahadatnama bermekdir.

Şahadatnama bermek işi kärhanadan RS-niň ýörite kadalaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan resminamalary tabşyrmagy, hyzmatlary iş ýüzünde görkezmegi we işgärler üçin degişli okuwy ýola goýmagy talap edýär. Diňe ähli talaplara doly laýyk gelnenden soň, resmi şahadatnama berilýär. Şeýlelik bilen, şereketiň işi türkmen flotunyň ygtybarlylygynyň we bäsdeşlige ukyplylygynyň kepili bolýar.

RS-den bölünip aýrylan kärhananyň «Türkmentel-2025» we «ITTC-2025-e» gatnaşmagy sebitdäki ulag geçelgeleriniň ösdürilmeginde tehniki gözegçiligiň strategik wezipesini nygtaýar.