Ï Türkmenistan Özbegistany gaz pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga çagyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Özbegistany gaz pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga çagyrdy

view-icon 2059
Türkmenistan Özbegistany gaz pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga çagyrdy

Daşkent şäherinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen duşuşygyň çäklerinde energetika ulgamy, hususan-da, gaz pudagy iki ýurduň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlendi.

Türkmenistanyň Prezidenti gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň ösüşiniň netijeliligini belläp, özara kabul ederlikli şertler esasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny mälim etdi. Döwlet Baştutanymyz gaz ulgamynda strategik hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Şeýle hem oba hojalygy, himiýa senagaty, maşyn gurluşygy, metallurgiýa, gurluşyk senagaty, ekologiýa tehnologiýalary, dokma we derman senagaty ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagyň wajyplygy nygtaldy.